Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egirme fabriginde bölekleýin enjamlaşdyryş işlerini geçirmek boýunça HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde nah ýüplük önümçiliginiňtilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan, ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
— bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyňdoly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça talapnama berilmeli;
— bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
— tehniki tabşyrygy almaly;
— getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly;
— bäsleşik resminamalarynyňbukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.
Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra serediljekdir.
Bäsleşik teklipleri şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 günüň dowamynda kabul edilýär.
Bäsleşik tekliplerini aşakda görkezilen salga ibermeli:
Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-71-77, 40-71-57, 40-71-63.
15-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama