SIZDEN GELENLER

Betbagtçylyklaryň howpuny azaltmagyň halkara güni

Tebigy ýa-da tehnologiki ýagdaýlar sebäpli ýüze çykýan betbagtçylyklar dünýädäki millionlarça adama täsir edýär, ýöne olaryň täsirini öňüni alyş işjeň çäreler we meýilnamalaşdyrmak arkaly azaldyp bolar. Her ýyl 13-nji oktýabrda bellenilýän “Betbagtçylyklaryň howpuny azaltmagyň halkara güni” dünýädäki adamlary we jemgyýeti betbagtçylyklardan goramak, öňüni alyş çäreleriň üsti bilen onuň ýetirýän zyýany azaltmak maksady bilen bellenilýär. UNESCO bu babatda köp işleri alyp barýar. Betbagtçylyk howpuna garşy göreş çäreleri yzygiderli  geçirýär.

“Betbagtçylyklaryň howpuny azaltmagyň halkara güni” 2015–2039-njy ýyllar üçin tebigy betbagtçylyklaryň  howpuny azaltmak boýunça Sendai çarçuwasynyň E maksadyna ýetmäge çagyrýar.

Betbagtçylyklary düýbünden ýok etmek mümkin bolmasa-da, syýasy we hukuk esaslaryny ösdürýän we Sendai çarçuwasynyň maksatlaryna, wezipelerine we ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda taýýarlaýan ýurtlaryň betbagtçylyk howpuny dolandyrmak we şonuň üçin betbagtçylyklaryň adama ýetirýän täsirini azaltmak üçin has uly mümkinçilikleri bar. Şeýle-de bolsa, betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça üstünlikli geçirilýän strategiýa çylşyrymly we şol bir wagtyň özünde köp taraply utgaşdyryjy mehanizmleri, ýurtlaryň arasyndaky bu babatdaky hyzmatdaşlygy, dersara hem-de pudaklaýyn hyzmatdaşlygy talap edýär.

Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi zerarly dürli tebigy betbagtçylyga eltýär. Begtbagtçylyklaryň köpelmegi diňe bir tebigat däl eýsem, oňa adam faktory hem täsir edýär. Ýagny, önümçiligiň artmagy, zawodlaryň, fabrikleriň artmagy howanyň we daş töweregiň hapalanmagyna getirýär.

Häzirki döwürde bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň durnukly ösüşiniň maksatlary hem-de dünýäniň ekologiýa ulgamyny goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu babatda ýokary derejedäki dürli forumlarda öňe süren hem-de halkara bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolan netijeli başlangyçlarynyň ähmiýetini bellemek zerurdyr.

BMG-niň tebigaty goramak baradaky resminamalarynyň – biologik köpdürlülik baradaky, çölleşmäge garşy göreşmek baradaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we ulanmak, UNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky resminamalar, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly Konwensiýa, Suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň onlarçasy we beýlekiler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyz olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, ilkinji nobatda bolsa, bu ulgamy kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Onda tebigy serişdeleri rejeli ulanmaga we daşky gurşawy goramaga döwlet gözegçiligi baradaky düzgün berkidilendir.

Hususan-da, şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny hem-de BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugruna öwürmek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky teklipler we beýlekiler bar.

Ýurdumyz olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, ilkinji nobatda bolsa, bu ulgamy kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Onda tebigy serişdeleri rejeli ulanmaga we daşky gurşawy goramaga döwlet gözegçiligi baradaky düzgün berkidilendir. Şeýle hem döwrüň talaplaryna hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda «Tokaý kodeksi», «Tebigaty goramak hakyndaky», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakyndaky», «Ozon gatlagyny goramak hakyndaky», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakyndaky», «Ösümlik dünýäsi hakyndaky», «Haýwanat dünýäsi hakyndaky» Kanunlar we beýlekiler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan «Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň» we «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasynyň» hem-de giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde tebigaty goramak, biologik köpdürlüligi we tebigy landşaftlary aýawly saklamak ulgamynda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Suw serişdeleriniň rejesiz ulanylmagy netijesinde emele gelen çylşyrymly ekologiýa ýagdaýy bu sebitde we onuň çäklerinden başda ýaşaýan millionlarça adamyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine täsir etdi. Bu zolakda emele gelýän howa toplumlary aýratyn howp döredýär. Olar tebigata, howa, adamlaryň saglygyna örän ýaramaz täsir edýär.

2008-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna BMG-de synçynyň derejesiniň berilmegi hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegi Aral meselesiniň bütindünýä häsiýetine eýedigini hem-de bu kynçylyklary ýeňip geçmek üçin halkara tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny tassyklaýan tapgyrlaýyn möhüm waka boldy. Bu babatda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işine ägirt uly ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Türkmenistan 2017 — 2019-njy ýyllarda bu gazna başlyklyk etdi.

Aýna Sätgeldiýewa

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary

 institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy

Koronawirusdan goraýan myhmanhana gurlar

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi