SIZDEN GELENLER

Halkara gyzjagazlar güni

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2011-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 66/170 belgili rezolýusiýany kabul edip, 11-nji oktýabry “Halkara Gyz çagalar güni” diýip yglan etmek bilen olaryň hukuklaryny ykrar etdi.

Halkara gyzjagazlar  güni, bütindünýäde gyz çagalaryň  ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny çözmegiň zerurlygyna ünsi jemleýär we gyzlaryň ygtyýarlyklarynyň artmagyna we hukuklarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam berýär. Ýetginjek gyzlaryň ygtyýarlyklaryna maýa goýmak bilen, şu gün olaryň hukuklarynyň hormatlanmagyny üpjün edýär we adalatly gülläp ösýän geljegi wada berýär.Ýetginjeklik döwründe täsirli goldaw bilen kemala gelen gyzlar öz mümkinçiliklerini ýerine ýetirip, geljekde mynasyp öý eýeleri, işçiler, telekeçiler, terbiýeçiler we syýasy ýolbaşçylar bolmak bilen dünýäni gowulaşdyryp bilerler.

2015-nji ýylda dünýä liderleri tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüşiň 2030-njy ýyl üçin gün tertibiniň 17 sany Durnukly ösüş maksatlary (SDG) hiç kim yzda galmaýan durnukly dünýä gurmagyň ýol kartasydyr.

Gender deňlige ýetmek we aýal-gyzlara goldaw bermek 17 maksadyň hersinde aýrylmazdyr. Muňa laýyklykda, diňe aýallaryň we gyzlaryň hukuklaryny üpjün etmek bilen, durnukly geljegi gurup bileris.

                Gözel Eminowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara     

 žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby. 

Ýewropanyňiň iň täze awiakompaniýasy

 

 

Ýene-de okaň

Awaza forumy: ählumumy ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Awaza – halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň täze nusgasy

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti