SIZDEN GELENLER

Türkmenistanda Ýaşlaryň klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek baradaky Ilkinji  maslahaty

8- oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri bilen Beýik Britaniýanyň Ilçihanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “ Türkmenistanda Ýaşlara howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek barada  Ilkinji maslahat”  geçirildi. Maslahata  BMG-niň Türkmenistandaky wekilleri,  Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy we italiýanyň Ilçihanasy , SDG ýaş ilçileri , Y-Peers meýletinçileri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz Han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň , Oba hojalyk institutynyň , Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet institutynyň, Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň talyplary  gatnaşdylar. Maslahat gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine täsir etmek we uýgunlaşmak barada  pikir alyşdylar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterres :“ Parahatçylyk, ykdysady dinamika, ösüş, sosial adalat bularyň hemmesi ýaşlara bagly.”

Maral Bagyrowa

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary  institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

 

Türkmenistana synçy derejesi berler

 

Halkara resminamalaryň 112-sine gol çekildi

Halkara resminamalaryň 112-sine gol çekildi

 

Ýene-de okaň

Awaza forumy: ählumumy ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Awaza – halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň täze nusgasy

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti