“Ekspo” – häzirki döwrüň möhüm meselelerine çözgüt tapmak üçin halklaryň arasynda geçirilýän bütindünýä ýygnakdyr. Dünýä sergisi adatça her 5 ýyldan bolup, onuň dowamlylygy 6 aýa çenli dowam edýär. Dünýä sergisine dürli ýurtlaryň halkara guramalary, raýatlary, kompaniýalary we hökümete degişli däl toparlar gatnaşyp bilýärler. Dubaý 2013-nji ýylyň 27-nji noýabrynda geçirilen sergide ýeňiji boldy. Dubaý Russiýada , Türkiýede we Braziliýada geçirilen sergi bäsleşiginde ýeňip,Parižde jemleýji tapgyra çykdy. “Ekspo-2020” bütindünýä sergisi 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli Dubaý şäherinde geçer.“Ekspo-2020 bütindünýä sergisi” koronawirus pandemiýasy sebäpli 1 ýyl yza süýşürildi, emma, muňa garamazdan sergi öňki adyny saklady.“Ekspo-2020” Dubaýda 182 gün dowam eder.Bu ýerde gurlan metro bekedi dünýä ýarmarkasynyň girelgesine geçmek üçin uçar ganaty dizaýny bilen gurulypdyr.Wokzal 29 müň adamy kabul edip biler.BAE-niň pawilýonyna ýokardan garanyňda, iň uly we uçýan laçyn şekillidir.Gurluşyk işleri uly depgin bilen alnyp barylanda 71 halkyň takmynan 40 müň sany işçi wekili bu ýerde zähmet çekdi.Indiki “Ekspo” bütindünýä sergisi 2025-nji ýylda Ýaponiýada bolar.
Umytjan Azadow
A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Oba hojalygyň mehanizasiýasy hünäriniň 105-nji toparynyň talyby.