SIZDEN GELENLER

Güýz depressiýasy

Häzirki zaman jemgyýetiniň  ösendigine,  ewolýusiýanyň we tehnologiki ösüşiň ýokary belentliklere ýetendigine garamazdan, her birimiziň abadançylygymyz howa şertlerine baglydyr.  Bu howa we möwsümleýin üýtgeşmelere, esasanam geçiş döwri – güýz aýlaryna degişlidir. Bu möwsümde gündiziň gysgalmagy, temperaturanyň  peselmegi , iň köp geomagnit tupan we howanyň iň ýokary ionlaşmagy bolup geçýär. Bu bolsa elektromagnit meýdanynyň üýtgemegine  sebäp bolýar. Ýadawlyk,  dowamly uky, keýpiň düýpgöter üýtgemegi, gaharlanma, umytsyzlyk,  güýz  depressiýasy bilen häsiýetlendirilýär.  Iň stresse çydamly adamlar hem gaharlanýar. Lukmanlar bu ýagdaýyň esasy çeşmesi  möwsümleýin täsirli näsazlyk hakda aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, diňe tomus we gyş adamlar üçin kadaly howa  hasaplanyp bilner. Güýz we ýaz paslyny bedenimiz üçin aňsat bolmadyk geçiş döwri hökmünde görkezýärler. Güýz hemmämize täsir edýär. Sebäbi beden täzeden gurulmaga mejbur bolýar.Güýzüň başynda adamlarda “gyşlamak” fiziologiki mehanizmi işjeňleşýär. Köpleriň  “uklamak”  diýip häsiýetlendirýän ýagdaýy, bedeniň energiýany tygşytlamak prossesine sazlanandygyny görkezýär. Güýz depressiýasyndan ejir çekýän adamlar depressiw netijelere getirýän negatiw duýgulary sebäpli özlerini dolandyryp bilmeýärler.  Şeýle ýagdaýlarda psihologlar näme maslahat berýärler?  Olar syýahat etmegi, arassa howada gezmegi, ir turmagy we ir ýatmagy aýdýarlar.Başga-da  möwsümleýin depressiýany ýeňmek üçin näme bolup biler?

Fiziki maşk.Bedenterbiýe elmydama ylham berýär. Sebäbi gözellik we saglyk!  Meşhur psihoterapewt we ýazyjy Mihail Litwagyň pikiriçe, fiziki maşk  göwnüçökgünlige garşy göreşmäge kömek edýär.  Şeýle hem: “Depressiýa adama özi hakda pikirlenmek üçin berilýär” diýýär.  Şonuň üçin güýzde öz keşbiňize üns beriň! Sport bilen meşgullananymyzda  bedende madda çalşygy kadalaşýar we immunitet güýçlenýär.

   Kadaly iýmit. Howanyň üýtgemeginiň adam bedenine ýaramaz täsiriniň bardygyny biz gowy bilýäris. Şonuň üçin, witamine we minerallara baý täze gök önümleri we miweleri iýiň.

    Gezelenç. Işden soň derrew öýe gitmäge howlukmaň , azyndan bir ýa-da iki duralga gezelenç  ediň. Bu siziň emosional we beden taýdan sagdynlygyňyzy güýçlendirer.

     Peýdaly reňkler.Meşhur  Şweýsariýaly psihoterapewt Maks Lusçeriň  reňk testi  boýunça  mämişi, sary we gyzyl nerw ulgamyny sazlaýan we güýçlendirýän işjeň reňklerdir.Eşikleriňizi  we  otaglaryňyzy  şeýle reňkler bilen baýlaşdyryň. Öýüňizi  dürli güller we ösümlikler bilen bezäň!

Şeýle-de, gyzykly kitaplar okaň, degişme kinolaryny görüň,teatra gidiň.Kalbyňyza ýakyn adam bilen daşarda pyýada gezelenç ediň.Dostlaryňyza, synpdaşlaryňyza  jaň ediň. Çagalykda eden garagollyklaryňyz, dostlaryňyz  bilen geçiren gyzykly ýatlamalar, ýokary okuw jaýyna kabul edilen ilkinji günüňiz, boýnuňyzda “ Talyp” ýazgyly lenta we başga-da täsirli pursatlar şükür edip ýadyny açýar.

Hiç haçan göwnüçökginlige ýol bermäň. Özüňizi dolandyrmagy başaryň.Şonuň üçin gadymy rim şahyry Horasyň “Hyýallaryňyza  gözegçilik ediň. Sebäbi boýun egmese, buýruk berýär” diýen paýhasly sözlerini ýada salmalydyrys. Her gün, hatda azajyk hem bolsa döredijiligiňizi ösdürmäge synanyşyň. Netije-de,  dünýägaraýşyňyzyň  we onuň bilen bütin durmuşyňyzyň üýtgäp biljekdigine göz ýetirersiňiz.

                                                                                                                              Joşgun  Hajyýew

                                                       Türkmen oba hojalyk institutynyň

                                                                                                                  Agronomçylyk fakultetiniň talyby

“Instagram” gaýdyp geldi: yzy bilen “Facebook” we “WhatsApp”

 

Ýene-de okaň

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk