SIZDEN GELENLER

Garaşsyzlyk — bagtyň ganaty

Garaşsyzlyk baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň  dabarasy uludan tutulýan baş baýramlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň bagtyýar we eşretli geljegi, röwşen durmuşy üçin Garaşsyzlygyň esasy güýç, ylham bolup durýandygyny belleýär. Milletimiziň köpasyrlyk agzybirlik, abadançylyk, dost-doganlyk, bir-birege hemaýat etmek ýörelgeleri erkanalyk, özbaşdaklyk ýolunda bedew batly ösüşlere beslenýär. Halkymyzyň jebisligi, agzybirligi, adam hakdaky belent alada bagtyýarlyk döwrümiziň parlak tugudyr.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halky Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, belent maksady — demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek, raýat jemgyýetini gurmak ýoluny saýlap aldy. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özbaşdak ösüşiň röwşen ýoly bilen ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýarys. Merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerine daýanyp, tebigy baýlyklarymyzy milli we umumadamzat bähbitlerine gönükdirýäris» diýen çuň mazmunly sözleri hormatly Prezidentimiziň baş maksadynyň halkymyzyň asuda durmuşda eşretli ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdygynyň aýdyň beýany bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan tutumly işleriň, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, halkymyzyň, ýurdumyzyň bagtly ykbalynyň gözbaşy bolsa Garaşsyzlykdyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda beýik ösüşler gazanyldy, ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk babatynda netijeli işler amala aşyryldy, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürildi. Şonuň netijesinde Döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolan adama, onuň bütin dünýäde ykrar edilen hukuklarynyň, azatlyklarynyň berjaý edilmegine hemmetaraplaýyn üns berilýär.

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä derejesinde depginli ösýän, ykdysady-syýasy taýdan kuwwatly, durnukly, hemişelik Bitaraplyk daşary syýasatyny ýöredýän, demokratik we dünýewi döwlet hökmünde özüni dünýä ykrar etdirdi. Goý, mähriban halkymyz barada uly aladalary edýän, dünýäde parahatçylygy, asudalygy saklamak ugrunda nusgalyk işleri bitirýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Begmyrat Berkeliýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Iýilýän waksina dörediler

 

Ýene-de okaň

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti

Okatmakda innowasion usullaryň we daşary ýurt dilleriniň täsirleri

Magtymguly Pyragy – döwürleriň şahyry

Ýaşlary ýetişdirmekde dil biliminiň orny

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy