DÜNÝÄ

Iýmit önümleri hakynda täsin maglumatlar

Dünýäniň iň gymmat pizzasy 12.000 dollardyr. Bu pizzany taýýarlamak üçin ortaça 72 sagat gerek bolupdyr, 3 sany italýan aşpez tarapyndan taýýarlanypdyr.

Peýnir dünýä boýunça iň köp ogurlanýan iýmitdir. Dünýä boýunça öndürilen peýniirleriň 4% ogurlanylandygy hakda maglumat berilýär.

Diňleýän sazlaryňyzyň käbirleri, özüňiz bilmezden nahary çalt iýmegiňize sebäp bolýandygy hakda belläp geçýärler. Berilýän maglumatlara görä, hereketli we güýçli ses bilen diňlenýän aýdymlar adamlaryň çalt hem-de köp iýmeklerine täsir edýär.

Donalds her ýyl 2,5 milýard gamburger satýar. Bu diýildigi hem ortaça her sekuntda 75 gamburger satylýandygy mälim edilýär.

Gadymy Müsürde  işçileriň gazanjyna sogan, sarymsak we turp berilýän eken. Adamlar aýlyklaryny öz islegleri boýunça turp almagy isleýär ekenler. Sebäbi turp ýokanç keselleriň öňüni alýar diýip hasap edilipdir.

“Margherita pizza” ady şazenanyň adydyr.Patyşa Umberto we şazenany Margherita zyýarata giden ýerlerinde saçaklarynda üýtgeşik naharlary isläpdirler. Garyp halkyň iýmiti diýip hasaplanýan pizza şazenanyň göwnünden turupdyr. Netijede pizzanyň ady “Margherita pizza” diýip kabul edilipdir.

Ýumurtganyň täzeligini bilmek isleseňiz, bir gap suwa ýumurtgany goýmaly. Eger ýumurtga suwuň düýbüne çökýän bolsa, ýumurtgaň täze diýip hasap edilýär.

Türkmenistan-BMG: pandemiýa garşy maksatnama

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Azerbaýjan-Türkiýe-Gruziýa: daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy