12 ýyldan soňra özüni futbolyň şöhratly basgançaklaryna çykaran Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparyna dolanyp gelen Kristiano Ronaldo “Nýukasl” bilen oýnalan duşuşykda 2 gezek tapawutlandy.
“Mançester Ýunaýted” toparynyň 4:1 hasabynda ýeňen duşuşygynda Ronaldo 45+2-nji we 62-nji minutlarda tapawutlandy.
75 müň futbol janköýeriň gatnaşan duşuşygynda janköýerleriň arasynda Ronaldonyň ejesi we “Mançester Ýunaýted” toparynyň ady rowaýata öwrülen ozalky tälimçisi Ser Aleks Fergusýon hem bardy.
Bu duşuşyk Ronaldonyň 2 ýa-da şondna köp pökgi geçiren 200-nji duşuşygy boldy. Şeýle hem ol “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzüminde gol geçiren uly ýaşly futbolçylaryň hataryna goşuldy. 36 ýaşly Ronaldodan ozal, bu toparda oýnan Rýan Giggz 39 ýaşynda tapawutlanypdy.