SPORT

Gurban Berdiýew “Kaýrat” toparynyň baş tälimçisi boldy

Ildeşimiz Gurban Berdiýew Gazagystanyň “Kaýrat” toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.

– Tälimçi bilen şu ýylyň ahyryna çenli şertnama baglaşyldy. Şertnama laýyklykda, tälimçilik möhletini ýene-de 2 ýyl uzaltmak mümkinçiligi hem bar – diýlip, metbugat gullugynyň beýanatynda bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly, 68 ýaşyndaky tälimçi Gurban Berdiýew ozal Russiýanyň “Rubin” hem-de “Rostow” toparlaryna tälim beripdi. Ol “Rubin” topary bilen 2 gezek Russiýanyň çempiony bolmagy başarypdy.

Gurban Berdiýew üçin “Kaýrat” topary nätanyş topar däl. Sebäbi ol 1981-1985-nji ýyllarda bu toparda futbolçy bolup oýnady. Ol 1991-1993-nji ýyllarda, şeýle hem 1994/95-nji ýylyň möwsüminde “Kaýrat” toparyna tälim beripdi.

Geçen möwsümde “Kaýrat” topary 16 ýyldan soňra Gazagystanyň çempiony bolupdy. Mundan ozalky 6 möwsümde “Astana” topary çempion bolupdy.

bilşiňiz ýaly, 27-nji maýdan bäri Gurban Berdiýew “Kaýrat” toparynyň gözegçilik geňeşiniň başlygynyň geňeşçisi bolup işläp gelýärdi.

 

Dünýäniň iň uly syn ediş çarhy

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy