Hormatly okyjylarymyz!
Mähriban okyjylar! Ykballara täsir edýän ýyldyzlaryň täleýnamasy bilen gyzyklanýan saýtymyzyň hormatly okyjylary üçin size 14-nji awgustdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Seýle-de siz islän ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.
Peýdaly söwda etmeklige gowy wagtdyr. Şeýle-de bu gün öýüňiziň abatlaýyş işlerini geçirmäge-de başlap bilersiňiz. Bu gün siz özüňiziň guramaçylyk başarnyklaryňyzy hemmetaraplaýyn açyp görkezmelisiňiz. Size bolýan wakalara dogry baha berip, sabyrlylygy elden gidirmezlik maslahat berilýär. Siziň abraýyňyz bu gün has-da berkär. Geçen ýoluňyza baha bermäge, manysyny agtarmaga mümkinçiligiňiz dörär.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Zähmet işjeňligi üçin känbir gowy gün däl. Bu wagt size hiç hili uly söwda etmek, maýa goýum goýmak maslahat berilenok. Çünki planetalaryň hereketleri bu zatlaryň häzir diýseň howpludygyny aýdýar. Daş-töweregiňizdäkiler bilen dawalaryň bolmagy mümkin. Şeýle-de siz toparyňyzyň ýazylmadyk kanunlaryna garşy gidesiňiz geler. Bu wagt size sabyr-takatlylygy saklamak gaty zerurdyr.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Günüň birinji ýarymynda kiçijek borçlaryňyz ýa-da ýekelik size täze başlangyçlary başlamaga mümkinçilik bermez. Emma günüň ikinji ýarymynda ähli jogapkärçilikli , dokument bilen baglanyşykly işlere ynamly baş goşup bilersiňiz. Agşamyňyzy ýakynlaryňyzyň, maşgalaňyzyň arasynda geçiriň. Bu size rahatlyk berer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Ownuk meseleler boýunça jedelleşmäň. Beter özdiýenli bolmaklygyň soňy gowy bolmaz. Bu gün subýektiw baha bermeklikden gaça duruň. Uzak gezelençlerden, uly güýji talap edýän fiziki zähmetden daşda durmaklyk maslahat berilýär.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Dostlaryňyz bilen sözüňiziň azaşmagy ýa-da keýpiňizi gaçyrjak ýaramaz habaryň gelmegi mümkin. Söýgi meselesinde seresaply boluň. Zenan sünbüleleriň duýgy durnuksyzlygyna her kim düşünip bilmez. Öz kemçilikleriňize tankydy seretmegi öwreniň.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Siziň dünýägaraýşyňyzy düýpgöter üýtgetjek täze tanyşlyklaryň bolmagy mümkin. Şeýle-de bu gün şowly döredijilik işi bolup biler. Köpçülikleýin çärelere çykmaklyk maslahat berilenok. Saglygyňyza gowy serediň.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu günüňizi duşuşyklara, gepleşiklere, döredijilik gözleglerine bagyş ediň. Esasy zada ünsüňizi jemläň we ownuk meselelere parh bermäň. Toparlaýyn hereketler, fiziki agram bu gün size peýdalydyr. Siz ähli zatda üstünlik gazanarsyňyz. Munuň üçin bolsa işiňize durkuňyz bilen berilmelisiňiz.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün siz üçin şowly bolmaklygy wada berýär. Bu ajaýyp günüň ýeke-täk kemçiligi hökmünde ýetginjek-çagalar bilen ýeňiljek düşünişmezlik bolup biler. Paýhaslylyk we söýgi bilen hereket etmäge çalşyň. Şonda bu düşünişmezlik uzaga gitmez.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Daluw (gowa 21.01-20.02)
Bu gün gündelik aladalardan saplanyp, siziň kömegiňize we goldawyňyza mätäç bolan adamlaryň ýanyna barmagyňyz zerur. Köp çykdajylary talap edýän başlangyçlar üçin bu gün gowy däldir.