Hormatly okyjylarymyz!
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Öz-özüni terbiýelemek we kämilleşdirmek bilen meşgullanýanlar üçin köp zatlary öwrenmegiň wagty geldi. Şahsyýet ruhy taýdan ýeterlik derejede ösmedik bolsa, aladalar, stres we abadançylygyň ýaramazlaşmagy mümkindir.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Söýgi güni, döredijilik zahininiň açylýan güni. Döredijilik bilen meşgullanýanlar işlerinde meşhurlyk gazanyp, özleriniň köpçülik tarapyndan ykrar edilmegini gazanyp bilerler. Bu gün ähli meseleler çözüler, sizi wagtlaýyn kynçylyklardan azat eder. Häzirki wagtda islendik adam bilen sazlaşykly gatnaşyklar mümkin.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Dowamly, birsydyrgyn bolmaga synanyşmaň, isleýän zatlaryňyza çalt ýetmek ugrunda howlukmaň. Özüňize düşünmek we güýçli taraplaryňyza baha bermek üçin wagt gerek bolar. Uzakdaky garyndaşlaryňyzdan ýa-da dostlaryňyzdan gowy habar eşidip bilersiňiz.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Ähli meseleleri aňsatlyk bilen çözmegi başararsyňyz. Häzirki wagtda üstünlik gazanmagyň açary, yhlas we isleýän zadyňyzyň yzynda ylgamakdyr. Islegleriňizi ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp bilmersiňiz. Agyr işden gysga wagtlyk dynç almak size we ýakynlaryňyza peýdaly bolar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Işiňizde çözmeli boljak meseleleriň meýilnamasyny düzüň. Emma ony, şahsy durmuşyňyz bilen baglaşmaz ýaly wagtda goýuň. Maşgalaňyz özleri bilen has köp wagt geçirmegiňizi islär. Şonuň üçin işjeň maşgala dynç alyşyny guramak bu gün aýratyn lezzet we peýda getirer.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Häzirki wagtda saglyk näsazlyklary mümkin. Beýlekiler bilen gatnaşyklaryňyza täsir edip, keýpiňiz çalt ýaramazlaşyp biler. Özüňiziň aladaňyzy ediň we iýmitiňize üns beriň. Ýaramaz duýgulary saklaň. Ýakynlaryňyzyň prowokasiýalaryna boýun egmäň, gapma-garşylykdan gaça duruň.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Öňünden meýilleşdiren işiňizi amala aşyrmak üçin bu gün gaty gowy gün. Hyýalbentlik we emosional durnuksyzlyk maliýe ýitgilerine sebäp edip biler. Öz düşünjäňize, ugurtapyjylygyňyza has köp bil baglaň. Iň ýakyn adamlaryňyzyňam pikirine ynanmaň – olar ýalňyş bolup biler.