Hormatly okyjylarymyz!
Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Şu günki täleýnama hamallara bir maksady kesgitlemegi maslahat berýär: käwagt netijä gelmek prosesi netijäniň özünden-de has möhümdir. Dostlaryňyz bilen aragatnaşyk gurmakda kynçylyk bolup biler. Özüňize hormat goýdurmak islegiňiz we tekepbirlik, ulumsylyk etmegiňiz aragatnaşygyňyza sowuklyk getirer.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Gymmatlyklara, ruhy gözleglere bu gün täzeden baha bermeli bolarsyňyz. Emma bu käbir ýagdaýlarda, durmuş güýjüňizi dogry ugrukdyrmak ukybyňyza ýaramaz täsir eder. Häzirki wagtda yhlasly bolmazlyk we haýsydyr bir dawa-jenjellere goşulmazlyk has gowudyr. Sebäbi onuň netijeleri agyr bolup biler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Zatlara standart däl dünýägaraýşyňyz, käbir üýtgeşiklikler we hökümleriň ýitiligi ýolbaşçylaryňyzdan nägilelige ýa-da kärdeşleriňiziň gaharyny getirip biler. Köp kynçylyklara eltip biljek tertipsizligi we özüňize bolan ynamy ýok etmäge çalşyň.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Işde ýa-da öýde kyn päsgelçilikleri ýeňmeli bolmagyňyz sebäpli nerw bozulmalary mümkindir. Jogapkärçiligiňizi duýuň. Şahsy durmuşyňyzy gowulaşdyrmak mümkinçiligi bar bolsa, ony elden gidermäň, çünki planetalar size juda ýakyn wagtlarda uly şowlulyklary wada berýärler. Öz we töweregiňizdäki adamlaryň duýgularyny seljermek ukybyňyz ýokarlanar. Bu gün siz özüňizi aýratyn rahat duýmak islärsiňiz. Pensiýa çykmak mümkinçiligiňiz bar bolsa, ondan peýdalanyň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Daş-töweregiňizdäki adamlar bilen gatnaşyklary aýdyňlaşdyrmagyňyz mümkin. Ýan-ýoldaşyňyzyň buýsanjyna zyýan ýetirmezlik, gabanjaňlyk ýa-da göriplik döretmezlik üçin, tötänleýin bellikleri ýüregiňize almajak boluň we öz gezegiňizde aragatnaşykda gaty seresap boluň. Bolmasa, ýoldaşyňyzyň göwnünde degmegiňiz mümkin.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Ýakynlaryňyza has köp üns beriň. Daş-töweregiňizdäki adamlara hemişe söýgini we hormaty bildirip bilersiňiz. Ähli gapma-garşylyklaryň sebäbi, duýgularyň ýüze çykmagynda özüňizi saklamagyňyzdyr.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün şahsy we jemgyýetçilik durmuşyňyzyň gyzykly wakalardan doly boljakdygyny ýyldyzlar wada berýär. Durmuş potensialyňyz şu gün iň ýokary derejede bolar, ýöne diňe öz mümkinçilikleriňize baha berseňiz üstünlik gazanyp bilersiňiz.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/putin-turkmen-liderini-doglan-guni-bilen-gutlady/