DÜNÝÄ

Ebrahim Raisi – Eýranyň täze prezidenti

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Ebrahim Raisi ýurtda geçirilen prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Metbugat habarlaryna görä, Raisi sesleriň 7,8 millionyny aldy. Ýurtda geçirilen prezident saýlawlarynda 28,6 million adam ses bermäge gatnaşdy.

Eýran Yslam Respublikasynuň saýlawlary geçirmek boýunça gullugyň ýolbaşçysy Jamal Orfuň beren deslaky maglumatlaryna görä, 28 million 600 müň eýranly bu saýlawlara gatnaşdy. Raisiniň 17,8 million ses alandygy mälim edildi.

Ýurduň häzirki Prezidenti Hasan Ruhani Ebrahim Raisini prezident saýlawlaryna gazanan ýeňşi bilen gutlady. Prezident Ruhani 2021-nji ýylyň 3-nji awgustyndan jenap Raisiniň ähli eýranlylaryň prezidentidigini we her kimiň özüne we kanuny hökümetine doly goldaw berjekdigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynda 13-nji prezident saýlawlary geçirildi. 18-nji iýunda geçirilen saýlawlarda kabul edilen kararlaryň ýerlikliligi boýunça geňeşiň sekretary Mohsen Rezai, Ýokary kazyýetiň başlygyň Ebrahim Raisi, parlamentiň başlygynyň orunbasary Amir Hoseýn Kazizade Haşemi we Merkezi bankyň ozalky başlygy Abdolnaser Hemmati dalaşgär boldy.

Saýlaw güni ýurt boýunça 66,8 müň saýlaw uçastogy hereket etdi. Şeýle hem 133 döwletde Eýranyň diplomatik wekilhanalarynda döredilen 234 saýlaw uçastogynda şol ýurtlardaky eýranlylar ses bermek mümkinçiligine eýe boldy.

 

Guterreş täze möhlete saýlandy

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi