DÜNÝÄ

Gyrgyzystan türkmen tebigy gazy bilen gyzyklanýar

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bişkegiň ýylylyk elektrik stansiýasyna tebigy gaz üpjünçiligi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşar. Bu barada ýurduň parlamentinde Premýer-ministr Ulukbek Maripow habar berdi.

“orient.tm” neşirindäki habara görä, bu mesele Žaparowyň Türkmenistana amala aşyrjak saparynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylar. Saparyň haçan amala aşyryljakdygy barada maglumat berilmeýär.

– Gyrgyz Prezidentiniň Türkmenistana iş sapary bolar. Energetika ugruna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar: elektrik energiýasy, gaz. Bişkegiň ýylylyk elektrik stansiýasynyň gazlaşdyrylmagy meselesi açyk dur – diýip, Premýer-ministr belledi.

Gyrgyz metbugatyna görä, gepleşigiň gün tertibindäki ýene-de bir mesele ol hem Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasydyr.

– Bu gaz geçiriji gurulmaly, bu halk üçin zerur we uly peýda getirer – diýip, Sadyr Žaparowyň metbugat ýygnaklarynyň birinde bu barada beren beýanaty gyrgyz metbugatynda bellenilip geçilýär.

Gyrgyz hökümet bilen “Gazprom Gyrgyzystan” kompaniýasynyň arasynda geçirilen Bişkegiň ýylylyk elektrik stansiýasynyň işini tebigy gaz öwürmek baradaky gepleşikleriň kompaniýa tarapyndan bellenen ýokary nyrh sebäpli togtadylandygy mälim edilýär.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenistan-talyplaryny-dasary-yurda-okamaga-iberer/

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy