SIZDEN GELENLER

Dünýäde ýaşamaga oňaýly bolan şäherleriň sanawy anyklandy

“Economist Intelligence Unit”-yň ýaňy-ýakynda geçiren barlaglarynyň netijeleri jemlendi. Gelnen netijelere görä, dünýäde ýaşamak üçin iň oňaýly şäher Täze Zelandiýanyň Oukland şäheridir. Bu barlaga dünýäniň 140 sany şäheri gatnaşdy. Gelnen netijelerde Täze Zelandiýanyň iň gür ilatly şäheri bolan Ouklandyň gazanan üstünliginiň özeninde şähere goýlan daşary ýurtly maýa goýumlarynyň köplügi hem-de koronawirus pandemiýasynda şäheriň görkezen üstünliginiň durandygy aýdyldy. Bu sanawyň dowamynda Aziýada we Ýewropada ýerleşýän käbir paýtagt şäherler hem bar.

“The Economist”-iň gelen netijelerine görä, dünýäde ýaşamak üçin oňaýly bolan şäherleriň sanawynyň ilkinji onlugy şeýle:

  1. Oukland (Täze Zelandiýa);
  2. Osaka (Ýaponiýa);
  3. Adelaide (Awstraliýa);
  4. Wellington (Täze Zelandiýa);
  5. Tokio (Ýaponiýa);
  6. Pert
  7. Zýurih
  8. Ženewa (Şwesiýa);
  9. Melburn
  10. Brisbeýn.

Dünýäde ýaşamak üçin oňaýsyz bolan şäherleriň sanawynyň başynda bolsa, Demirgazyk Amerikada ýerleşýän Wenesuelanyň paýtagty Karakas şäheri ýerleşdi.

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Tender bäsleşiklerine gatnaşmak ýeňilleşdirildi

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti