Gündelik naharlaryň iň möhümi ertirlikdir. Ertirlik nahary günüň ilkinji naharydyr we bedene günüň dowamynda zerur iýmitleri almaga mümkinçilik berýär. Geçirilen barlaglar, esasanam ösüş döwürinde çagalar we ýaşlar üçin ertirlik naharynyň möhümdigini görkezýär. Şonuň üçin ertirlik durmuşymyzda möhüm orny eýeleýär.
Türkiýede adam saglygy taýdan sansyz peýdasy bolan ertirlik naharynda-da aýratyn naharlar bar. Türkiýede ösdürilip ýetişdirilýän endemiki ösümlikleriň garyndysy bilen öndürilen “otly peýnir”, beýik belentliklerden alnan “karakowan bal”, un, ýag we ýumurtga ýaly 20 görnüşli önümi bolan Wan, we bugdaý bilen taýýarlanan we sebit ýagynda gowrulan “kawut”, milli ertirlik diýip ykrar edilmeginden başga-da, bu ertirlik nahary 2014-nji ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň iň köp adamly ertirlik nahary bilen halkara arenasyna çykdy.
Wan Söwda-senagat palatasy hökmünde häzirki wagtda ertirlik paýtagty hasaplanýan Wanda halkara, dünýä derejesindäki taslama üstünde işleýärler. Wan, ençeme ýyldan soň her gezek bellenilip geçiljek Bütindünýä ertirlik güni taslamasy şu ýyl ilkinji gezek durmuşa geçirilýär. Her ýyl iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenjek Bütindünýä ertirlik güni şu ýylyň 7-nji iýunynda belleniler.
Birinjisi, şu ýyl Türkiýäniň iň uzyn köçesi bolan Iskele köçesinde bellenilmegi meýilleşdirilýän Bütindünýä ertirlik güni, Coronavirus (Kovid-19) sebäpli sosial ulgamlarda surat we wideo paýlaşylmagy bilen belleniler. 7-nji iýunda, ýekşenbe güni sagat 11: 00-da başlajak bu çäre sosial ulgam hasaplarynda #dunyakahvaltıgunu, #theworldbreakfastday bilen paýlaşylar. Wan Söwda-senagat palatasy hökmünde, “Dünýäniň iň lezzetli gününe goşulyň” şygary bilen ugur alýan işlerinde sizi görmek isleýär.
Şeýle hem; Bu ýylky çäre koronawirusa garşy göreşýän saglygy goraýyş işgärlere we pandemiýa sebäpli aradan çykan ähli adamlara bagyşlanýar.
ARAZGELDIÝEWA GÜLZADA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby