Toýlaryň toýa ulaşýan ýylynda ýene-de täze bir şatlykly waka durmuşymyzda aýratyn orun aldy. “Goşa baýram – goşa toý” diýlişine görä, ýurdumyzda her ýylyň 25-nji maýynda mekdep uçurymlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Ine-de, şu ýyl bu senede mermer şäherimiz Aşgabat özüniň döredilmeginiň 140 ýyllyk ýaşyny doldurdy. Munuň özi hem her bir aşgabatly üçin guwandyryjy, ýatdan çykmajak pursatlaryň biri. Howa, synlap otursaň şatlykly pursatlar zynjyr ýaly biri-birine sepleşip, ynsanlarda täsin duýgyny kemala getirýän eken. Elbetde, şeýle buýsançly pursatlaryň janly şaýady bolmagyň özi hem kalbyňda döredijilik joşgunyny emele getirýär we onuň waspyny beýan etmäge iterýär. Ine, bu gün biz şanly toýuň dabaralanýan gününde gözel paýtagtymyza gezelenje çykan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Mollaýewa Aýlar hem-de Aşgabat şäheriniň “Olimp” orta sport mekdebiniň 11 “Ç” synpynyň uçurymy Annaýew Mekan bilen söhbetdeş bolduk. Aşgabat şäheriniň toý güni bilen baglanyşykly söhbetdeşlerimiziň özünde galdyran täsirini ýetirmek üçin taýýarlan gürrüňdeşligimizi size ýetirmegi müwessa bildik.
-Mekan, siz şu gün mekdep uçurymy bolup ak şäherimiz Aşgabadyň gözel keşbini synlamak üçin gezelenje çykdyňyz! Siz bize paýtagtymyzyň toý güni barada kalbyňyzda dörän ajaýyp duýgularynyzy aýdyp beräýseňiz?
– Biziň ýurdumyzda 25-nji maý güni Aşgabat şäheriniň esaslandyrlmagynyň 140 ýyllygy hem-de mekdep uçurymlarynyň güni giňden bellenilip geçilýär. Şu gün Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde ulag hyzmatlaryny üpjün etmek maksady bilen ýokary amatlyklary özünde jemleýän awtobuslaryň 400 sanysy, şeýle hem ýeňil taksi awtoulaglaryň 200 sanysy işe goýberildi. Munuň bilen bir hatarda, bu şanly senede ak şäherimizde hereket edýän ýolagçy awtobuslaryň tölegsiz hyzmaty hem ýola goýuldy. Maňa hem mekdep uçurymy hökmünde ilkinji bolup, şeýle ýolagçy awtobusynda Aşgabada gezelenç etmek bagty miýesser etdi. Bu diýseň buýsandyryjy waka, sebäbi Aşgabadyň goýnunda okap, uçurym bolup, onuň toý gününiň hakyky şaýady bolmak bu bagtlylykdan nyşan. Şu pursatdan peýdalanyp, men hem öz gezegimde hormatly Prezidentimizi, ähli türkmen halkymyzy ak şäherimiziň şanly 140 ýyllyk toýy bilen mähirli gutlaýaryn! Goý, halkymyzyň asudalygy, ak şäherimiz Aşgabadyň gülläp ösüşi ugrunda ägirt uly tagallalar edýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýärin!
-Aýlar siz bize Aşgabadyň toý gününe sowgat edilen täze ýolagçy awtobuslar bilen baglanyşykly ýürek buýsanjyňyzy aýdyp beräýseňiz?
– Elbetde, Aşgabatyň täze ýaş toýunda onuň ajaýyp köçeleriniň ýollarynda täze ýolagçy awtobuslaryny görmek kalbyňy joşdurýar. Şu gün ir säher bilen halkymyza hyzmat edip başlan awtobuslar Aşgabadyň waspyny ýetirýän “Ak şäherim – bagt şäherim”, “140 ýyllyk ýaşyň gutly bolsun, Aşgabat” ýaly ajaýyp setirler bilen bezelipdir. Olaryň her biri toý buşlukçysy ýaly, şäheriň waspyny ýetirýär. Bu bolsa aşgabatly ýaşaýjylarymyza ak şäherimiziň toý gününe aýratyn üns berip, gezlenç guramaklaryna ýardam berýär. Goý, halkymyza şatlykly pursatlary peşgeş berýän Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Söhbetdeşligi ýazga geçiren: Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.