Şu gün paýtagtymyzda däp bolşy ýaly, ýagny maý aýynyň 24-ne “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly halkara sergi geçirildi. Bu sergi Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnaldy. Sergä Türkmenistanyň ministrlikleri, pudak edaralary, daşary ýurt kompaniýalary, firmalar we telekeçiler gatnaşdylar. Olar sergide özleriniň üstünlikleriniň nyşanlaryny, öndürýän önümlerini we hyzmatlaryny halka tanyşdyrdylar. Şular bilen bir hatarda sergä gatnaşyjylaryň ünsüni has-da çeken türkmen halkynyň gadymy taryhyndan öz gözbaşyny alyp gaýdýan el işleriniň sergisi we häzirki zaman türkmen lybaslarynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Ýagny, bu dabarada “Nagyşly güzer”, “Nur Ýüpek”, “Abadan” hem-de “Mährem zenan” tikinçilik öýleri özleriniň lybaslar toplumy bilen çykyş etdiler. Sergä hödürlenen lybaslar halkymyzyň milliliginiň döwrebap nusgalary bilen sazlaşykly biçüwde edilendikleri üçin has-da öwüşgünli göründi. Olaryň taýýarlan köýnekleri, iş eşikleri we elde ýerine ýetirilýän keşde, monjuk we gaş düzülen ýakalary sergä hem-de tanyşdyryş dabarasyna gatnaşýanlaryň ünsüni çekdi. Bu halkara sergi ýurdumyzyň durmuş ykdysady ösüşinde gazanylan, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen üstünlikleri bilen tanyşdyrdy.
Aşgabat şäherini Aziýanyň merjen şäherine öwüren hem-de, bütin türkmen halkynyň ajaýyp durmuşda ýaşamagy üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksizdir! Goý Hormatly Prezidentimiziň jany sag , başy dik il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläkde üstünliklere beslensin!
Aýbölek AMANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy
fakultetiniň III ýyl talyby.