TEHNOLOGIÝA

“Orient.tm” saýty “Türkmenistan Habar” platformasyna goşulýar

Rus we Iňlis dilindäki bölümleri bilen ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän wakalary gyzgyny bilen okyjylaryna ýetirip durýan “Orient.tm” saýty Türkmenistan baradaky habarlaryň jemlenen saýty bolan “TürkmenistanHabar” saýtyna goşulýar. “Orient tm” saýty “Media Türkmen” hususy kärhanasynyň tarapyndan 2017-nji ýylda esaslandyrylan Türkmenistandaky döwlete degişli bolmaýan ilkinji habar agentligidir.

Mälim bolşy ýaly, “TürkmenistanHabar” platformy “Türkmen Gazet” saýty, “InAshgabat” saýty, “Atavatan Türkmenistan” saýty, “Türkmen Habar” saýty we  “New Ashgabat” habarlar saýtlaryň hyzmatdaşlygynda hereket edýär. Täze formatda hereket edýän www.turkmenistanhabar.com  saýtynyň hemaýatkäri  Türkmen we Iňlis dillerindäki ilkinji akylly sözlük bolup durýan  Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) bolup durýar.

Ata Watanymyz Türkmenistan baradaky habarlar “Türkmenistan Habar” saýtynda jemlenýär. Okyjylar indi www.turkmenistanhabar.com  saýtyna girmek bilen özlerini gyzyklandyrýan habarlaryny saýlap okap bilerler.

Şonda okyjynyň saýlan habary okyja  gyzykly bolsa, ol habaryň dowamyny şol habaryň çeşme saýtyndan dowam eder. Bu bolsa, hyzmatdaşlyga  goşulýan saýtlaryň hem habarlarynyň has  giň okyjylar giňişligine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistan Habar” 4 dilde, Türkmen, Türk, Rus we Iňlis dillerinde hereket edýär we çeşme saýtyň habarlary haýsy dilde bolsa “Türkmenistan Habaryň” şol dildäki bölümine ýerleşdiriler.

Ýakynda “Türkmenistan Habar” Platformasynyň Applikasiýasy hereket edip başlar we täze formatda hereket edýän saýtyň habarlary jemgyýetçilik torlarynyň üsti bilen täze okyjylara ýetiriler!

Saýt bilen habarlaşmak we öz habar saýtyňyz boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin turkmenistanhabar@gmail.com  elektron poçta salgysyna ýazyp bilersiňiz!

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2021 :Abraýly Ýokary Okuw mekdepleri

Ýene-de okaň

Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasy taýýarlanar

Kosmos giňişliginde taryhy waka

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

“Apple Watch” seriýasy 10 täze funksiýalar bilen täzeçillik getirýär

“iPhone 16” we “iPhone 16 Pro” tanyṣdyryldy

Geljekde emeli intellektiň Makul intellekte öwrülmegi