Tomus paslynyň gelmegi bilen adamlar dynç almak üçin gözel tebigatly ýerlere gezelenje gidip başlaýarlar. Ýadowlygyny çykarmak hem-de gowy dynç almak üçin bolsa, arassa howaly deňiz kenarlary bolan ýerleri has amatly hasaplanylýar. Sebäbi deňiz kenarynyň howasy kisloroda baý, ýüzmek bolsa bedeniňi taplaýar. Şeýle hem, sportuň suwda ýerine ýetirilýän görnüşleri adamlary deňiz kenarlaryna çekýär. Syýahatçylyk edaralary bolsa, dynç almak üçin yzygiderli maslahatlary berýär. “Evening Standard” atly iňlis neşiriniň syýahatçylyk hünärmenleri Ýewropanyň iň gowy kenarýakalarynyň sanawyny mälim etdi. Sanawdaky ýerleriň köpüsi Ortaýer deňziniň kenarlarynda we adalarynda ýerleşýär.
Birinji orny Ispaniýanyň Malýorka adasyndaky Kalo-des-Moro aýlagy eýeleýär. Aýlagyň üç tarapy ýapyk bolandygy üçin güýçli tolkunlar emele gelmeýär. Şeýlelikde, düýbi görnüp duran dury suwly pessaý kenar görenleri özüne bendi edýär. Diňe deňziň suwy däl, eýsem, onuň töwereginiň ösümlik dünýäsine baý tebigatyda görenleri özüne haýran galdyrýar. Ak çägeli deňiz kenary hemişe dynç almak üçin iň gowy ýerleriň sanawynda öňdäki orunlary eýeleýär. Ispaniýanyň Balear adalarynyň iň ulusy hasaplanýan resmi dili katalança we ispança bolan Malýorka adasy diňe mawy deňzi we yssy howasy bilen däl, eýsem, taryhy ýerleri bilen hem ol ýere gezelenje, dynç alyşa barýan jahankeşdeleride özüne çekýär.
Ikinji ýerde bolsa Kala Mariolu. Italiýanyň iň uly adalarynyň biri bolan Sardiniýadaky bu ýere ýa gaýykly, ýa-da belentligi 470 metr bolan depeden aşaklygyna ýöräp baryp bolýar. Ownuk ak daşly we çägeli deňiz kenaryna barmak tölegli bolup, tomus günlerinde 800 adam bilen çäklendirilýär. Bu ýerde beýikligi 143 metre barabar bolan dik depe hem-de tebigy arka gaýtalanmajak gözelligi emele getirýär.
Üçünji ýeri Horwatiýanyň Wis adasyndaky Stiniwa atly ýeri eýeleýär. Mundan ozal birnäçe gezek dünýäniň iň gowy syýahatçylyk nokatlarynyň sanawynda birinji ýeri eýelän Adriatik deňzindäki Wis adasynda adybir şäher hem bar. Adanyň ilaty, esasan, balykçylyk we üzümçilik bilen meşgullanýar. Tebigy gözelliklere baý bolan ada ýylda müňlerçe syýahatçyny özüne çekýär. Sanawda San-Fruttuoso (Italiýa), Milos (Gresiýa), Praýa Dona (Portugaliýa), Dermi (Albaniýa), Paloma (Fransiýa), Barafundl aýlagy (Uels) hem-de Howola (Gresiýa) ilkinji onlugy emele getirýär.
Şeýle hem sanawda Sloweniýa, Portugaliýa, Bolgariýa, Türkiýe, Rumyniýa, Şotlandiýa ýaly ýurtlardan dynç alyş ýerleri bar.
Yhlas ATAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.