SPORT

Angliýanyň çempiony – “Mançester Siti”

Hosep Gwardiolanyň tälim berýän “Mançester Siti” topary 2020/2021-nji ýylyň möwsüminde Angliýanyň futbol boýunça çempionatynyň çempiony boldy.

Angliýanyň çempionatynyň 36-njy tapgyrynda “Lester” topary çempionatda ikinji orunda barýan “Mançester Ýunaýted” toparyny 2:1 hasabynda utandan soňra “Mançester Siti” toparynyň çempionlygy belli boldy.

“Mançester Siti” topary çempionatyň tamamlanmagyna 3 hepde galanda çempionlygyny yglan etdi. Topar 80 utuk toplap, soňky 4 ýylyň dowamynda 3-nji çempionlygyny eýeledi.

Olar geçen möwsümde çempionlygy “Liwerpul” toparyna aldyrypdy.

“Mançester Siti” topary umumylykda 7-nji cempionlygyny gazandy. Onuň 5-sini topara eýeçilik edýän “Abu Dhabi United Group” kompaniýasynyň şeýh Mansur ben Zaýed al-Naýan döwründe gazandy.

 

Halkara maýa goýum forumy geçirilýär

Related posts

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny Hytaý gazandy

Ata Watan Eserleri

«Arkadag» topary bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy