JEMGYÝET

Türkmenistandan Russiýa gynanç haty

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Kazan şäheriniň 175-nji mekdebinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren, olaryň köpüsiniň neresse çagalar bolmagy bilen bagly pajygaly waka zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

Pasport resmileşdirmek üçin gerekli resminamalar

 

Related posts

Anwar Ibrahim: Türkmenistanyň önümlerini ASEAN döwletlerine eksport etmäge taýýardyrys

Türkiýedäki Türkmenistanyň raýatlary üçin möhüm bildiriş!!!

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Milli muzeýine baryp gördi