SIZDEN GELENLER

  Beýik Seljuk Türkmen imperiýasynda beýleki dinler

 Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda”  atly kitabynda: «Biziň şöhratly pederlerimiz milli aňyýete mahsus bolan mertebeliligi barha beýgeldipdirler. Türkmen şäherlerinde mydama dürli etnik jemgyýetleriň we dini ugurlaryň wekilleri bilelikde asuda ýaşapdyrlar” – diýip aýdan sözleri geçmişimiziň käbir sahypalaryny täzeden seretmekligimizi kesgitledi. [1, 110]

Beýik Seljuk Türkmen imperiýasynyň taryhy diňe musulmanlaryň däl, eýsem beýleki halklaryň durmuşynda hem uly yz galdyrypdyr. Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, bu ýagdaý türkmen hökümdarlaryň ýerli halklara sahabatly syýasatyndan gelip çykýan netije bolupdyr. Dürli dilli, dinli we etniki jemagatlary öz düzümine alan Seljuk Türkmen imperiýasy hökümdar Soltan Sanjaryň dolandyran döwrüne çenli parahatçylykda, asudalykda ýaşapdyr. Soltan Sanjaryň patyşalyk eden döwründe Seljuk Türkmen imperiýanyň tutan meýdany 10 million inedördül kilometre ýetipdir. [5, 2]. Bu döwürde Seljuk imperiýanyň düzüminde hristian dinine uýýan ilatyň arasynda grekler, ermeniler we ş.m. halklar köp bolupdyr. Merwde Beýik seljuk türkmen imperiýadan öň hem otparazçylyk, hristiançylyk, budparazlyk, maniheýçylyk, yslam we jöhit dinleriniň bolandygy bellenilýär. [3, 76-90] Imperiýanyň hökümdary Soltan Sanjardan özbaşdaklyk gazanyp, döwlet döredip, ony dolandyrmak ugrynda göreşe çykmaga meýil edýän doganoglanlar hem bolupdyr. Emma iş ýüzünde Beýik Seljuk türkmen döwleti özüniň syýasy bitewiligini saklapdyr [2, 47].

Imperiýanyň düzümine giren gaýry halklaryň dilini tapmak, sany ýüz millionlarça adama ýetýän uly jemagaty agzybirlikde saklamak, birek-birege düşünişmek, hatda barha ýakynlaşmak meýillerini döretmek-şular ýaly ägirt uly peýdaly işler – Soltan Sanjaryň alyp baran milletara içeri syýasatynyň düzüminde bolupdyr. Imperiýanyň Merw şäheri dürli dinli halklaryň üýşen, wagyz-nesihat işlerini geçiren, okap bilim-ylym alan ojaklaryň biri bolupdyr. Bu şäherde seljuk hökümdarlarynyň hormatyna hutba namazy bilen birlikde hristian dini baýramçylyklary hem ýerine ýetirlipdir. Çünki bu ýer Beýik seljuk Türkmen döwletiniň binýadynyň tutulan topragy hasaplanylypdyr. [4, 27].

Beýik Seljuk Türkmen imperiýanyň irki hökümdarlaryndan başlap Soltan Sanjaryň dolandyran döwrüne çenli gaýry halklaryň hak hukuklary kemsidilmändir. Çünki bu ilatyň arz-şikaýatlaryna Seljuk Türkmen hökümdarlaryň hut özleri gözegçilikde saklapdyrlar. Taryhy çeşmelerde türkmen hökümdarlarynyň hristian kiliselerinden salgyt almandyklary barada hem gyzykly maglumatlar bellenilýär. Bu bolsa Beýik Seljuk imperiýasynda hökümdar Soltan Sanjara çenli sahabatly, ynsanperwer syýasat alnyp barylandygyna açyk aýdyň subutnama. Ine şeýle işler bilen Beýik Seljuklar döwleti örän möhüm orun tutmak bilen dünýä halklarynyň taryhynda özüniň öçmejek yzyny galdyrypdyrlar.

EDEBIÝATLAR

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda. – II kitap. – Aşgabat, 2018.
  2. Агаджанов С.Г. Сельджукиды и Туркмения в XI-XII вв. – Ашхабад, 1973.
  3. Гундогдыев О. Экаев О. Мары – жемчужина Востока. – Ашхабад. – Туркменская государственная издательская служба. – 2012.
  4. Жуковский В.А. Развалины Старого Мерва. СПб.. 1894.
  5. Көймен A.A. Селчуклу деври Турк тарихи, Анкара, 1993.

                                               Bahar Mämmedowa,

Olga Adykowa,

 TYA-nyň Taryh we arheologiýa

institutynyň uly ylmy işgärleri.

 

Ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiginiň saýlama tapgyry

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…