BIZNES

Talyp karzy: “Daýhanbank” hödürleýär

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär diýip Mugallymlar gazetinde habar berilýär. Bildirişi dolulygyna ýetirýäris.

HORMATLY TALYPLAR HEM-DE MÄHRIBAN ENE-ATALAR!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär:

«Talyp karzy» ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara diňe degişli okuwyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär. Karzyň möçberi: 42 000 manada çenli; Göterim derejesi: ýyllyk 8 göterim; Möhleti: 3 ýyl; Karzyň üpjünçiligi hökmünde 10 000 manada çenli iki sany raýatyň zamunlygy, 10 000 manatdan ýokary möçbere bolsa girew goýmaklyk talap edilýär.

Hormatly raýatlar! «Talyp karzyndan» peýdalanmak üçin, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz!

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:

Aşgabat şäheri — 38-03-79; 38-02-86; 24-44-55; 24-52-85;

Ahal welaýat şahamçasy — (8-00-137) 3-34-39;

Balkan welaýat şahamçasy — (8-00-246) 5-21-51;

Da­şoguz welaýat şahamçasy — (8-00-322) 9-35-07;

Lebap welaýat şahamçasy — (8-00-422) 9-13-48;

Mary welaýat şahamçasy — (8-00-522) 6-76-40.

 

Açyk Gapylar : Telekommunikasiýalar we informatika instituty

 

 

Ýene-de okaň

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler