IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Harytlary satyn almak boýunça bäsleşik

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Lot № 19 — Lebap welaýat Köpugurly hassahanasy üçin saglygy goraýyş maksatly hem-de lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot № 20 — Lebap welaýat Ýokanç keseller hassahanasy üçin saglygy goraýyş maksatly hem-de lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.

 

Böwrek çalyşmak boýunça ilkinji transplantasiýa operasiýasy geçirildi

Related posts

Bäsleşik: Daşoguz welaýatynda potratçylyk işleri

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň ilçihanasynda boş iş orny

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasy tender yglan etdi