JEMGYÝET

Metjitlere barmak çäklendirmesi ýatyryldy

Türkmenistanda ähli arassaçylyk-gigiýena şertlerini berjaý etmek şerti bilen metjitler dini ybadatlary ýerine ýetirmek üçin açyldy. Bu barada orient.tm internet neşiri habar berýär.
Habarda ýurdumyzdaky ähli metjitler adaty ýagdaýda dini ybadatlar üçin açyldy. Ýöne anna günlerindäki juma namazynyň ýola goýulmagy barada soňra goşmaça maglumat berler.
Juma namazy anna günleri günortan wagtlarynda köpçülikleýin okalýan namazdyr.
Şeýle hem habarda metjitleriñ girelgelerinde sanitar nokatlary döredilip, ol ýerde metjitde  ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak şertlerinde dini ybadatlary ýerine ýetirmek babatda bildirişler ýerleşdirilipdir.
Geçen ýylyñ 13-nji iýulynda metjitlere barmaga çäklendirme girizilipdi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenhowayollary-halkara-howa-gatnawlary-boyunca-gosmaca-habar-berler/

Related posts

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara

Türkmenistan-Fransiýa: täze ylalaşyklar gazanyldy

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Halkara şahadatnamasynyň birnäçesine mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri