DÜNÝÄ

Sebitleýin howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Moskwada sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler minisritiniň orunbasary W.Hajiýew, rus wekiliýetine – RF-niň daşary işler minisritiniň orunbasary A.Rudenko ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň barşynda sebitleýin howpsuzlyk we ony pugtalandyrmak babatynda özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk dogrusynda hem pikir alyşyldy.

Taraplar häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek ugrundaky gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşdylar. Owgan meselelerine hem-de parahatçylyk prosesiniň ilerledilmegine seredilip geçildi. Taraplar bu mesele babatynda iki ýurduň nukdaýnazarlaryny beýan etdiler.

Maglumat howpsuzlygy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri tarapyndan Maglumat howpsuzlygy ulgamynda Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmegi hem bellenilip geçildi. Taraplar häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa serişdeleriniň talabalaýyk ulanylmagy babatynda özara hereketleriň pugtalandyrylmagynyň zerurlygyny tassykladylar.

Türkmenistan Owganystanyň ösüşi üçin tagalla edýär

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan ÝUNESKO bilen geoseýilgäh döreder

Türkmenistanda “SPECA günleri” geçiriler

Türkmenistanyň we Hindistanyň söwda ministrleriniň duşuşygy

Fransiýa Palestinany resmi taýdan ykrar eder

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 20 ýylda 162 million bag ekildi

Narendra Modi Indira Gandiniň rekordyny täzeledi