SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenhowaýollarynyň» nobatdaky ýörite uçuşy amala aşyryldy

«Türkmenhowaýollary» agentligi nobatdaky ýörite uçuşyny 17-nji martda amala aşyrdy. Bu uçuş bilen koronowirus pandemiýasy sebäpli, Täjigistanda galan ýurdumyzyň 179 raýaty Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline getirildi. Olaryň 168-si dostlukly döwletiň ýokary okuw mekdeplerinden uçurym bolan ýaşlardyr.

Ýörite uçuşyň guramaçylary tarapyndan ýolagçylar Duşenbe şäheriniň halkara howa menzilinde uçara münmezden ozal koronowirus barlagyndan geçirildi. Barlaglaryň netijesine laýyklykda, ýokançlygyň alamaty bolmadyk ýolagçylara ýurdumyza gelmäge rugsat berildi.

Muňa garamazdan, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň talaplaryna laýyklykda, ýörite uçar bilen ýurdumyza getirilen raýatlarymyz üç hepdelik karantin gözegçiligine alyndy.

«Türkmenhowaýollary» ýakyn günlerde Özbegistandan hem şeýle uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

 

Söýgüliler üçin ajaýyp ýer

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy