TEHNOLOGIÝA

“Apple” kompaniýasynyň täze planşeti

“Apple” kompaniýasy aprel aýynda kämilleşdirilen prosessor bilen täze planşet modelini hödürlär. Kompaniýa munuň bilen birlikde “iPad Pro” seriýasyny täzelemegi meýilleşdirýär. Bu barada “Bloomberg” agentligi habar berýär. Şeýle hem “iPad Pro” üçin ulanyljak täze prosessor, täze “MacBook Air”, “Pro” we “Mac mini” we “Apple M1” ýaly güýçli işlär. Mundan başga-da planşetde diňe bir onuň täzelenen görnüşli prosessory enjamlaşdyrylman, eýsem ony ýokary hilli kamerasy bilen üpjün etmek isleýärler. Täze çykjak model häzirki “iPad Pro” planşetine meňzeş bolar, ekranyň ululyklary degişlilikde 11 dýuým (takmynan 27,9 sm) we 12,9 (32,7) bolmagyna garaşylýar. Kompaniýa bu planşetiniň ekranyny mini-LED bilen enjamlaşdyrmak isleýärler. Ol funksiýa suratlary ýagty we gowy hilli görkezer. Emma täze önümlerde ulanylýan käbir tehnologiýalar ilkinji gezek “Apple” planşetlerinde ulanylar. Täze enjamy barlamak üçin hünärmenler “Thunderbolt” birleşdirijisini ulanypdyrlar. Kompaniýa 2021-nji ýylyň ahyrynda bolsa ýene-de iki “iPad” enjamyny hödürläp biler.

 

Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna galan toparlar belli boldy

 

 

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi