SIZDEN GELENLER

Aşgabat

Keşbine ser salan bolar haýrany,

Howasynda bilbilleriň seýrany.

Şöhrat-şany mekan eýläp her ýany,

Bütin dünýä şuwla saçýan Aşgabat!

***

Ýalkym saçýan aýazy bar, ýazy bar,

Dessan siňen aýdymy bar, sazy bar.

Yhlasly ýollardan guran  Arkadag,

Gözellikden ylham joşan Aşgabat!

***

Monjuk deýin, mermer bina hatarlar,

Sährasynda asman läle kakarlar.

Merjen topragyna göwnüň galkynar,

Älem içre ady dolan Aşgabat!

***

Pyragyň arzuwlap gelen zamany,

Her döwri-döwrana ýollap heňňamy.

Ötürdi başyndan ýüz kyrk eýýamy,

Köňüllerde mesgen tutan Aşgabat!

***

Görmäge göz gerek, taryplara söz

Başynda täji deý, Arkadagym dur!

Jennet görjek diýseň  bu mekany gör!

“Merjen şäher”, adyn alan Aşgabat!

Amansoltan Sytdyhowa,

 Magtymguly adyndaky Türkmen

Döwlet uniwersitetiniñ talyby.

 

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

 

 

Related posts

Ylym we tehnikanyň utgaşmagynyň taryhy

Ata Watan Eserleri

Oba hojalygynda gyzgalaňly döwür başlandy

“Fujifilm Instax Wide” – smartfonlar üçin reňkli printer

Ata Watan Eserleri