MEDENIÝET

“Berlinale” festiwaly ýeňijileri kesgitlendi

71-nji “Berlinale” festiwaly pandemiýa sebäpli şu ýyl iki bölekden gurnaldy. Birinji bölegi 1-5-nji mart aralygynda onlaýn ýagdaýda geçirildi. Festiwalda jemi 15 film bäsleşdi we baýrakly filmler “Berlinale” festiwalynyň sahypasynda onlaýn ýagdaýda yglan edildi. Festiwalda ýaponiýaly režissýor Rýusuke Hamaguçiniň “Wheel of Fortune and Fantasy” atly filmi eminler tarapyndan sylaglanyldy. Iň gowy režissýor adyna “Natural Light” filmine režissýorlyk eden Wengriýaly Denes Nagy “Kümüş aýy” baýragyna mynasyp boldy. Iň gowy baş keşbi adyna we “Kümüş aýy” baýragyna bolsa “Ich bin dein Mensch” filminde çykyş eden aktrisa Maren Eggert mynasyp boldy. Günorta Koreýaly Hong Sangsoo iň gowy ssenariýa üçin “Kümüş aýy” bilen sylaglanyldy. “My uncle Tudor” atly film iň gysga film diýip at aldy.

“Berlinale” festiwalyň ikinji bölegi 9-20-nji iýunda geçiriler. Festiwalyň bu bölümi tomaşaçylar üçin açyk bolar we “Altyn aýy” we “Kümüş aýy” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy hem bu bölekde geçiriler. Eminler topary öň festiwalda “Altyn aýy” gazanan filmleriň režissýorlaryndan ybarat bolar.

 

 

Rim Papasyndan taryhy sapar

 

 

Ýene-de okaň

Ahyrky garagyş

Türkmenistanda 2-8-nji fewral aralygyndaky howa maglumaty

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň festiwaly geçiriler

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy