SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Taryhdaky iň uly göwrümli sanjym

Günbatar Afrika we Latyn Amerikasyndaky ýurtlar sanjymlary adalatly paýlamagyň halkara mehanizmi bolan “COVAX” başlangyjy arkaly ilkinji “COVID-19” sanjymlaryny alyp başladylar.

BSGG-nyň başlygy Tedros Gebreýesus “COVAX” bileleşigini düzýän beýleki guramalaryň wekilleri bilen bilelikde metbugat ýygnagynda çykyş etdi.

Bu adamzat taryhynda iň uly we giňişleýin sanjym kampaniýasydyr. Diňe täsirli dermanlaryň elýeterliligini üpjün etmek, önümçiligini ýola goýmak bilen çäklenmän, işgärleri taýýarlamaly we sanjym üçin degişli infrastrukturany döretmeli, diýip BSGG-nyň başlygy Tedros Gebreýesus belläp geçdi.

“COVAX” başlangyjy şu hepde 11 million dozada sanjym paýlamak meýilleşdirýär. Maý aýynyň ahyryna çenli 142 ýurduň ýaşaýjylary 237 million doza sanjym alarlar. Umuman alanyňda 190 ýurduň ilatyny iki milliard doza möçberinde sanjym üpjün etmek wezipesi goýuldy.

Ýakynda ABŞ tarapyndan gyssagly ulanmak üçin tassyklanan “Johnson & Johnson” kompaniýasynyň sanjymy köpçülikleýin sanjym işini ýeňledip biler. Bu sanjymyň bir doza hem ýeterlik hasap edilýär. Kompaniýa 500 million dozany bermegi wada berdi.

BSGG-niň başlygy Tedros Gebreýesus sanjymyň pandemiýa garşy göreşde güýçli serişde bolup durýandygyny belläp, ýöne sanjym bilen birlikde öňüni alyş çäreleri – agyz-burun örtükleriniň dakynylmagyny, el arassaçylygyny, howpsuz aralygyň saklanmagyny, jaýlary şemalladyp durulmagyny möhüm hasaplady.

 

Slowakiýa “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy

 

Ýene-de okaň

Ankara türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty boldy

Ata Watan Eserleri

Fransiýada jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi

Ýylyň nika toýy: Jeff Bezos bilen Loren Sançes resmi taýdan öýlendi

Raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenler taýýarlanýar

Raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda antalýa baryp gördüler