SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Özbegistanda “Sputnik V” sanjymyna başlanar

Özbegistan Russiýanyň “Sputnik V” sanjymynyň million dozasyny almagy maksat edinýär. Ýurtda rus sanjymy boýunça köpçülikleýin sanjym geçirmäge rugsat berildi. Bu barada ýurduň metbugat gulluklary habar berýär.

“Sputnik V”sanjymyň Özbegistana iberilmegi ýurtda “COVID-19” ýokanjynyň öňüni almak üçin möhüm ädim bolar diýip, Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň (RDIF) baş müdiri Kirill Dmitriýew aýtdy.

Özbegistanda koronawirusa garşy sanjym kampaniýasy mart aýynyň ortalarynda başlar. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli Özbegistan ilatynyň 7 millionyna ýa-da 20 göterimine sanjym ediler. Özbegistanyň Respublikasy 12 sanjym öndürijisi bilen gepleşik geçirýär.

Ýurtda 3138 sanjym nokady döredildi, 862 ykjam topar döredilip, olaryň her biri 1 maşgala lukmanyndan, 1 sanjym ediji lukmandan we 1 şepagat uýasyndan ybarat bolar. Şol bir wagtyň özünde, Özbegistanda koronawirusa garşy sanjym diňe meýletin esasda amala aşyrylar.

“Sputnik V” sanjymyny bellige alan ýurtlar: Argentina, Alžir, Ermenistan, Belarus, Boliwiýa, Bahreýn, Wengriýa, Wenesuela, Serbiýa, Palestina, Paragwaý, Türkmenistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Eýran, Gwineýa, Tunis, Liwan, Meksika, Mýanma, Mongoliýa, Nikaragua, Pakistan, Çernogoriýa we beýlekiler. Şeýle hem Russiýanyň “Sputnik V” sanjymy Gabonda hem hasaba alyndy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamyndaky türkmen-özbek hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Russiýa bilen Iordaniýa syýahatçylar üçin wiza düzgünini ýatyrdy

Täze serhetara syýahatçylyk ugry Türkmenistany, Özbegistany we Gazagystany birleşdirer

Türkmenistanda ilkinji gezek rizotomiýa operasiýasy üstünlikli geçirildi

“Türkmenhowaýollary” Kazan we Jidde ugurlaryna uçar gatnawlaryň sanyny artdyrýar