SIZDEN GELENLER

Halkara gatnaşyklarynda ýetilen belent sepgitler

Häzirki günlerde dünýä döwletleriniň aglaba bölegi bilen dost-doganlykly, iki we köptaraplaýyn peýda getirýän hyzmatdaşlyklary alyp barýan ýurdumyz şol gatnaşyklaryň düýp özenini agzybirlige, asudalyga, dostluga ýugrulan maksatlar esasynda dikeldýär. Diňe bir bähbitli hyzmatdaşlyklar bilen çäklenmän, dünýäde peýda bolýan global meseleleriň öňüni almak üçin döredilen guramalara agza bolup, özüniň  ýerlikli teklipleri bilen çykyşlar edip, meseleleriň öňüni almakda  ýakyndan ýardam edýän döwletimiz  köp sanly halkara guramalaryna agzadyr.

Şeýle guramalaryň biri hem Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalyk Guramasydyr (FAO).  Bu gurama 1945-nji ýylda döredilýär we şol günden bäri özüniň esasy maksady ugrynda köp işleri bitirdi. Guramanyň baş maksady açlygy, azyk howpsuzlygyny we ýeterlik iýmitlenmezligi ýok etmek; garyplygy ýok etmek we hemmeler üçin ykdysady we durmuş ösüşe itergi bermek; häzirki we geljek nesilleriň peýdasyna ýer, suw, howa we beýleki baýlyklary öz içine alýan tebigy baýlyklary durnukly dolandyrmak we şuňa meňzeş meselelere çözgüt tapmakdan ybarat bolup durýar.    Guramanyň merkezi Italiýanyň paýtagt şäheri bolan Rimde ýerleşýär we düzüminde 130-dan gowrak ýurtda işleýän sebit bölümlerini alyp barýar.  FAO 197 agza döwletden düzülen uly gurama bolup durýar.

Ýurdumyz Azyk we Oba hojalyk Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) Sebitleýin direktory jenap Wiorel Gusuyň duşuşygynda FAO bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda oba hojalygynyň ösüşine ýardam bermek hem-de global ölçegde azyk howpsuzlygynyň  meselelerini çözmek ulgamyndaky häzirki taslamalary we maksatnamalary jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şol wagtyň özünde hem ekologiýanyň goralmagyna hem-de tebigy gorlaryň netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara işlerinde Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigi bellenilip geçildi. Ýokarda belläp geçenlerimizden ugur alsak döwletimiz FAO guramasy bilen uly taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirýärler. Bu alnyp barylýan işler diňe bir türkmen milletiniň bähbitleri üçin edilmän eýsemde bolsa dünýäde döreýän global meseleleriň öňüni almak üçin ýerne ýetirilýär.

2020-nji ýylyň 19-njy maýynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilleriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalyk ministrleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata türkmen wekiliýetleri gatnaşyp, özleriniň oňyn teklipleri bilen çykyş etdiler. Esasan oba hojalyk we azyk howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada tanyşdyrdylar.  Şonuň ýaly-da, ýurduň döwlet serhetlerinde fitosanitar we weterinariýa gözegçiligini güýçlendirmek boýunça görülýän öňüni alyş çäreleri arkaly koronawirus ýokanjyynyň ýurduň çägine ýaýramagynyň öňüni almakda Türkmenistanyň oňyn tejribesi hakynda hem belläp geçdiler.

Häzirki döwürde dünýäde açlyga garşy göreşmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň iýmitlenmegini gowulandyrmak boýunça bilelikde köp işler edilýär. Şol bir özünde Bitarap döwletimizde azyk howpsuzlygy üpjün edilýär. Ilatymyza hödürlenýän azyk önümleriniň düzümi gowulandyrylýar. Azyk önümleri lukmançylyk nukdaýnazaryndan zerur bolan maddalar bilen baýlaşdyrylýar.

 

                                                                                            Bilbil  BERDIÝEWA,

Türkmenistanyň  Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutyny

 halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň

                                                                                                          1-njy ýyl talyby.                                                                                                                                 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat

Dil – giň dünýägaraýşyň açary