SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa ýörite ikinji uçar gatnawy

2021-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Türkmenabatdaky halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasyna nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Şol habarda bellenilişi ýaly, bu gezekki uçar sapary bilen 172 adam Russiýa gitdi. “S7” rus awiakompaniýasynyň “8536” belgili gatnawy amala aşdy.

Mundan ozal, 25-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasyna ýörite uçar gatnawy amala aşyrylypdy. Bu gatnaw bilen 177 adam Russiýa gidipdi.

Nobatdaky uçar gatnawy Russiýanyň ilçihanasynyň gurnamagyndaky 7-njy gatnawdyr. Ol hem 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri gurnalyp gelýär. Şonda Türkmenistandan tarapyndan halkara uçar gatnawlaryny amala aşyrmak wagtlaýynça togtadylypdy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şeýle ýörite uçar gatnawlaryny Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň utgaşdyrmagynda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem amala aşyrýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýä ýurtlaryndaky COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatmagy dowam etdirýär. Bu halkara gatnawlaryň wagtlaýynça togtadylmagy hem-de çäklendirmeler bilen baglanyşykly täze möhletler bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda täze habar çap edilýär. Şol habardan görnüşi ýaly, COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy soňky gezek 2021-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaldylypdy. Bu barada hem täze habara hem garaşylýar.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

Ýaponiýaly lukmanlar Türkmenistanda saparda bolýarlar

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri