Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň gülläp ösmegi, ilkinji nobatda, bilim hem ylmyň ösüşine bagly.Hut şonuň üçin-de Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlarymyzyň kämil bilim goruna eýe bolmagy, ylym bilen meşgullanmagy, ýagny aň mümkinçiliklerini doly açmagy , kämillleşmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Jemgyýetimiziň ähli wekillerini, ilkinji nobatda, ýaşlary häzirki zaman ylymlaryny öwrenmäge, ýokary tehnologiýalary özleşdirmäge çagyrýar.Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda tassyklan ,,Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy’’, ,,Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy’’ ösüp gelýän ýaş nesliň geljekki ýagty günleri baradaky edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda bilim we ylym ulgamyny dünýäniň iň ösen talaplaryny laýyk getirmek, halkymyzyň bagtly durmuşy ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusynsa eýe bolan kämil ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek wezipesi ýurdymyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Sebäbi döwür öňe barýar, ylma daýanýan täze-täze tehnologiýalar durmuşymyza işjeň aralaşýar. Şoňa görä, bilim berlişinde hem, terbiýeçilik işlerinde hem düýpli özgertmeleri geçirmek zerurlygy ýüze çykýar. Şol zerurlygy öz wagtynda duýup, hereket edýän degişli kanunçylyk namalaryny yzygiderli kämilleşdirmek bolsa, eýýäm dünýä bilen aýakdaş gitmäge, ýaşlarda has täze bilim – ylym mümkinçiliklerini açmaga ýardam berýär.
Döwlet Baştutanymyz : ,, Bilim we zehin, döredijilik gözlegi we çeperçilik meýli ýaly hormata mynasyp bolan gymmatlyklar ösmelidir we halkymyza öz netijelerini bermelidir, milletiň ruhy kuwwatyny ýokarlandyryp, durmuş we ykdysady ösüş üçin täze gorlary döretmelidir’’ diýip örän jaýdar belleýär. Dogrudanam, kämil bilimiň esasynda kemala gelen ylmyň miweleri ýaşaýyş – durmuşymyzy has-da kämilleşdirmäge, ykdysadyýetimizi ösdürmäge ýardam etmeli.
Bedew batly ýurdumyzyň ylym hem tehnologiýa babatda dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna ynamly goşulmagyna, milli bilim ulgamymyzyň mundan beýläk-de güýçli depginler bilen ösmegine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!
Enegül ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
1-njy ýyl talyby
Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!