BIZNES

Söwda dükanlary hususylaşdyrylýar

Ýurdumyzda hususylaşdyrmak işlerine giňden badalga berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem hasabat berildi.

Hasabatdan görnüşi ýaly, «Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir binalary hususylaşdyrmak hakyndaky» Kararyň taslamasy hem-de Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetde alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça degişli işleriň geçirilendigi aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Aşgabat şäherinde ýerleşýän degişli söwda dükanlaryny, restorany we söwda öýüni olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni (salgyly) hususylaşdyrmak baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hasabatyň dowamynda Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň işi barada habar berildi. Bu komitet Gymmat bahaly metallaryň hem-de gymmat bahaly daşlaryň çig mal, bölekler we taýýar önümler görnüşinde hasaba alynmagyny, saklanylmagyny hem-de gaýtadan işlenilmegini üpjün edýär. Şeýle hem ol Gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan zergärçilik hem-de beýleki önümleri taýýarlaýan we öz işinde peýdalanýan fiziki hem-de ýuridik şahslaryň işine gözegçilik edýär.

Degişli edaralar bilen bilelikde, onuň Düzgünnamasynyň gaýtadan işlenip taýýarlanylandygy habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu döwlet edarasyny Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy diýip atlandyrmak baradaky teklip hödürlenildi.

Milli Liderimiz bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamynyň paýynyň artmagyna ýardam edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir kärhanalary hususylaşdymak hakyndaky Karara gol çekdi.

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Hytaý bilen Owganystanyň arasyndaky ýük gatnawy Türkmenistandan geçer

Türkmenistanyň telekeçileri “SelectUSA” maýa goýum sammitine gatnaşýar

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy