Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň üstünliklere beslenýändigi hem-de giň halkara goldawyna eýe bolmagy netijesinde, häzirki wagtda ak mermerli Aşgabadymyz 2021-nji ýylda welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de Watanymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bu ugurda öňe sürilýän başlangyçlar ildeşlerimiziň gyzgyn goldawyna hem-de halkara bileleşiginiň giň ykrarnamasyna eýe bolýar.
Ýurdumyzda guralýan giň gerimli sport ýaryşlary Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Döwletiň abraýy hem-de onuň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky orny birnäçe ýagdaýlar bilen kesgitlenilýär. Türkmenistan öz daşary syýasat strategiýasynda parahatçylyk döredijilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini netijeli diplomatik gurallaryň biri hökmünde berkitmek bilen, ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda sport ulgamynda hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýär. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýurdumyzyň sport döwleti hökmündäki abraýyny belende göterdi, şol bäsleşiklerde biziň ýygyndy toparlarymyz 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç — jemi 245 medal gazanyp, Garaşsyz Türkmenistanda sportuň okgunly ösüşini bütin dünýä äşgär etdi.
Bu taryhy wakalar Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende galýandygyny, dünýä sport giňişliginde amala aşyrýan üstünlikli hereketleriniň ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Žurnalistleriň, türgenleriň, wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň, köp sanly hormatly myhmanlaryň umumy pikirine görä, Aşgabat diňe bir Aziadany däl, eýsem, olimpiýa oýunlaryny geçirmäge mynasyp şäher. Munuň üçin bolsa ähli zerur şertler, şol sanda iň häzirki zaman sport düzümi bar. Bu bolsa biz ýaşlaryň sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegimiz üçin edilýän aladalaryň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimize biz ýaşlara döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdýarys. Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Öwez ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!