JEMGYÝET

Ýurdumyzyň Baş arçasy ýaş myhmanlary garşylaýar

Ýurdumyzyň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, maliýe-bank ulgamynyň, obasenagat toplumynyň, şeýle hem milli parlamentiň komitetleriniň ýolbaşçylary çagalary hem-de agtyklary bilen bilelikde “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasyna bardylar.
Däp boýunça myhmanlary Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary — Aýazbaba hem-de onuň agtygy Garpamyk garşylap, olary ertekiler şäherjigine gezelenç etmäge çagyrdylar.
“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança her ýyl öz açylan wagtyndan bäri “gyşky ertekiler” üçin esasy ýere öwrülýär.
Bu ýerde ýagty bezeg serişdeleri hem-de öwüşgin atýan oýnawaçlar bilen bezelen belent arçanyň töwereginde ertekiler dünýäsi ýaýbaňlandyrylyp, oňa syýahat etseň, ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlaýar.
Çagalardan başga ulular hem Täze ýyl baýramçylygynyň jadylaýjy täsirini başdan geçirmäge höwes bilen taýýar. Bu baýramçylyk sowgatlardan doly. Täze ýyl şäherjiginde şeýle hem dürli ýadygärlik önümleriniň söwdasy guraldy. Şol önümleri, hasaplaşyk üçin milli bank kartlaryny ulanyp satyn almak mümkin.
Sowgat almak we gowşurmak tüýs ýürekden amala aşyrylanda, birmeňzeş şatlykdyr. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň häzirki ýaşajyk myhmanlary ýakyn hossarlaryndan ýadygärlik sowgatlary almak bilen birlikde, Täze, 2021-nji ýyly garşylamagyň ýatdan çykmajak täsirlerini hem aldylar. Çagalar jogap hökmünde dürli dillerde goşgulary okadylar.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Sara Rojers “Ata Watanyň” sowalyna jogap berdi: Türkmenistan bilen bilim hyzmatdaşlygy ösdüriler

Aşgabatda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşyk geçirildi

Sara Rojers:Türkmenistana bolan gyzyklanma barha artýar

Türkmenistanda gender deňligi boýunça täze bäşýyllyk meýilnama tassyklanyldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy