Öň girizilen çäklendiriji çäreleriň oňyn tejribesine esaslanyp, dünýäde dowam edýän çylşyrymly epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly Türkmenistanyň çägine ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanda raýatlaryň hereketini tertipleşdirmek üçin çäreler görülýär. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.
Habarda bellenilip geçilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, töwekgelçilikli adamlaryň, şol sanda 50 ýaşdan uly raýatlaryň şäherara we sebitara ugurlarynda hereketine çäklendirmeler girizilýär.
Şeýle hem, 50 ýaşdan uly bolan işgärleriň ýurduň sebitlerine iş saparlary çäklendirilýär.
Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!
Halkara uçar gatnawlary barada maglumat
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Russiýadaky wekilhanasynyň https://turkmenistanairlines.ru internet saýtynda 22.11.2020 senesinde ýerleşdirilen habarda bellenişine görä COVID-19 koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylýar.
Ýadyňyzda bolsa geçen aýyň ahyrynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda Türkmenistanyň halkara howa gatnawlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň gelmeginiň möhleti barada habar ýerleşdiripdik. Şol habarda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ýiti ýokanç keselleriň ýurduň çägine girmeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň döwlet serhetlerinden ýurduň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň hem-de raýatlary bolmadyk adamlaryň geçmeginiň çäklendirmeginiň möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli çäklendirilendigi bellenipdi.
https://turkmenistanairlines.ru internet saýtynda bellenişine görä, aşakdaky ugurlarda ähli uçuşlar wagtlaýynça togtadylýar:
Aşgabat – Stambul – Aşgabat
Aşgabat – Ankara – Aşgabat
Aşgabat – Moskwa – Aşgabat
Aşgabat-Sankt-Peterburg-Aşgabat
Aşgabat-Kazan-Aşgabat
Aşgabat-Minsk-Aşgabat
Aşgabat-Almaty-Aşgabat
Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat
Aşgabat-Birmingem-Aşgabat
Aşgabat-Amritsar-Aşgabat
Aşgabat-Deli-Aşgabat
Aşgabat-Dubaý-Aşgabat
Aşgabat-Abu Dabi-Aşgabat
Aşgabat-Pekin-Aşgabat
Aşgabat-Bangkok-Aşgabat
Şäherara otly we awtobus gatnawlary
Türkmenistana ýiti ýokan keselleriň gelmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen käbir çäklendirmeler dowam edýär. Şeýle çäklendirmeleriň esasynda ýolagçylara hyzmat edýän otly hem-de şäherara awtobus gatnawlary 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli togtadyldy.
Medeniýet we sarp ediş hyzmatlary
Ýurduň medeniýet we sarp ediş hyzmatlary edaralarynyň işiniň çäklendirme möhleti hem 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy.
Bu habarda bellenilip geçilişi ýaly, kabul edilen degişli çözgüde laýyklykda, kinoteatrlaryň, teatrlarynyň, oýun attraksion seýilgähleriniň, muzeýleriň, gözellik salonlarynyň, hammamlaryň we sport desgalarynyň (suwda ýüzmek üçin niýetlenen howuzlar, fitnes we aerobika klublary) işi çäklendirilýär.
Şeýle hem şol bir wagtda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli gysga möhletli we tölegli okuw kurslarynyň we oýun merkezleriniň işi hem çäklendirilýär.
Dünýä tejribesi göz öňünde tutulyp, ýiti ýokanç keselleriň Türkmenistanyň çägine getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin alnyp barylýan işleri güýçlendirmek maksady bilen, ýurdumyza daşary ýurtlardan gelýän adamlar üçin karantin möhletini 14 günden 21 güne çenli artdyrmak kararyna gelinendigini ýatlap geçeýliň!