SPORT

Ýewropanyň iň ýaş futbolçysyna “Golden Boy” baýragy gowşuryldy

20 ýaşly norwegiýaly futbolçy, Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyň hüjümçisi Erling Holand Ýewropanyň iň ýaş hem-de güýçli futbolçysyna gowşurylýan “Golden Boy” baýragyna mynasyp boldy. Bu barada “Tuttosport” neşiri habar berýär.

Bu abraýly baýray almak üçin dalaş eden futbolçylar: Eduardo Kamawinga («Renn»),Alfonso Dewis («Bawariýa),Seržinýo Dest («Barselona»), Ansu Fati («Barselona»), Fil Foden («Mançester Siti»), Jeýms Hadson-Odoi («Çelsi»), Deýan Kulusewski («Ýuwentus»),  Jeýdon Sanço («Borussiýa D»), Sandro Tonali («Milan»), Ferran Torres («Mançester Siti») we Winisisu Žunior («Real Madrid»).

Soňky gezek bu baýraga “Atletiko Madrid” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Žoau Feliş mynasyp bolupdy.

Mälim bolşy ýaly, Erling Holand “Borussiýa Dortmund” toparynda 2020-nji ýylyň ýanwarynda çykyş edip başlady. Ol  Awstriýanyň “Zalsburg” toparyndan 20 million ýewro geçipdi. Holand german toparynda 29 duşuşykda 27 gezek tapawutlandy.

Erling Holand Milletler ligasy ýaryşynyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi