SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Lukmanlara ýol açyk

Eger wirusolog ýa epidemiolog lukmany bolsaň, mundan beýläk saňa Birleşen Arap Emirlikleriniň gapylary 10 ýyllyk açyk. Ýakynda döwletiň ýolbaşçylary bu hünärleriň eýelerini hem «altyn» wiza degişlileriň hataryna goşdy. Olar bu artykmaçlykdan 10 ýylyň dowamynda peýdalanyp bilerler.

Bu barada Dubaýyň häkimi şeýh Muhammad bin Raşid al-Maktumyň «Twitterdäki» resmi sahypasynda aýdylýar.

Ýeri gelende aýtsak, «altyn» wiza hukugy bolanlaryň sanawynda doktorantlar, tehnologlar we emeli aň boýunça hünärmenler, elektrnika we biotehnologiýa ulgamlaryndaky wekiller bar.

Şol biraz wagtyň özünde ýaşaýan döwletinde iň gowy mekdep okuwçysy we talyp bolan käbir aýratyn zehinli ýaşlar hem «altyn» wizadan peýdalanyp biler.

 

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

“S7 Airlines”:Moskwa bilen Aşgabat arasyndaky gatnawlaryň sany artdyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizýär

Türkmen lukmanlary koreý lukmançylygy boýunça okuw maksatnamasyny tamamladylar

Hytaýyň raýatlary Russiýa 30 gün möhlet bilen wizasyz girip bilerler

Russiýa bilen Saud Arabystany wiza talaplaryny özara ýatyrdylar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy TIACA-nyň işjeň agzasy boldy