JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (2-8-noýabr)

2020-nji ýylyň 2-8-nji noýabr aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Geljek hepdede gündelik işleriňiziň hemmesini tamamlajak boluň. Soň olara eliňiz degmez. Gowy görýän adamyňyzyň sizi haýran galdyrmagy mümkin. Siz jogap hökmünde oňa ýakymly bir zatlary etmäge taýýar boluň. Dostlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyza ünsli boluň. Töweregiňizdäkilere ähli meselelerde ýardam ediň, ýagşylyk ýerde galýan däldir.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Geljek hepdede täze tanyşlyklaryňyz juda mähirli hem öndürijilikli bolar. Öýde oturmaň, dostlaryňyz bilen duşuşyň, medeni ojaklara baryp görüň. Işiňizde ýoldaşlaryňyz bilen käbir dawanyň ýüze çykmagy mümkin. Aralyk derejäni saklasaňyz, onuň öňüni alyp bilersiňiz. Geçirimli we kanagatly, sabyrly bolmagy başaryň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Geljek hepdede umyt bildiren adamyňyzyň sizi oňaýsyz ýagdaýa salmagy mümkin. Öňünden başga bir çykalga tapyp goýuň. Duýgularyňyz ýokary derejede dartgynlaşyp biler. Gaharyňyzy ýakynlaryňyzdan çykarmaň. Bu ýagdaýda sport zalyna barsaňyz ýa-da ylgamak bilen meşgullansaňyz gowy bolar. Wagtyňyzy peýdaly geçiriň. Maşgalaňyz bilen gezelenje çykyň

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Geljek hepdede sizde çetin işe baş goşmak höwesiniň döremegi mümkin. Emma ýyldyzlar öňünden duýdurýar, beýtmek bolmaz. Tersine, geljek hepde gyssagly bolmadyk işlere gümra bolup, gündelik meseleleri çözmek üçin juda amatlydyr. Berhiz saklaýanlara «ägä boluň» diýesimiz gelýär. Çünki ony bozmaga meýil etdirjek zatlar köp duş geler

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Eger geljek hepdede söýgi duşuşygy göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda ony düzetmegiň tüýs wagtydyr. Şol günler söýgiňizi bildirmek hem pynhan duşuşyklar üçin örän amatly. Özüňizi alyp barşyňyza, üst-başyňyza üns bermek hökmandyr. Bu özüňize baha bermäge we ynamyňyzy artdyrmaga ýardam eder. Hepdäni şadyýanlykda geçirjek boluň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Ýyldyzlar geljek hepdede daş-töweregiňizdäkilere bil baglamagy maslahat berenoklar. Şu döwürde başlanjak islendik wajyp işleriň şowsuzlyga uçramak töwekgelçiligi ýokary. Oňa derek dynç alyş bilen bagly meýilleriňiz juda şowly bolar. Köpçülik bolup dynç alsaňyz has hem gowy bolar. Käbir kynçylyk döredýän meseleleri maslahatly çözüň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Geljek hepdäniň başynda ýakymly habar eşitseňiz gerek. Ýöne soň jogaba garanyňda sorag has köp ýüze çykar. Hepdäniň ortalarynda ünsüňiz garjaşyk ýagdaýda bolar, bu bolsa gündelik işiňizde päsgelçilik döreder. Ýolbaşçylaryňyz nägilelik bildirer, dessine ýalňyşlyklaryňyzy düzetmeli bolarsyňyz. Işiňize ünsli boluň.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Soňky döwürde ynjalyk bermedik meseläňiz ahyrsoňy oňyn çözüler. Oňa derek halaşýanyňyz bilen tersleşmegiňiz, hat-da biri-biriňizden ýüz öwürmegiňiz hem ahmal. Iş barada azrak pikir edip, köpräk dynç aljak boluň. Işiňizden bir-iki günlük rugsat alsaňyzam bolar. Bu geljekki işleriňiz üçin size kuwwat berer.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)     

Geljek hepdede ýakynlaryňyzyň berýän maslahatlaryna gulak salyň. Olaryň berjek maslahatlary size işiňizde üstünliklere atarar. Maddy taýdan mesele ýüze çykanda, bar ünsüňizi oňa bermäň. Häzirlikçe puluňyzy saga-sola sowurmajak boluň. Serişdeleriňizi tygşytly ulanmak maslahat berilýär. Myhmanlary mähirli garşylaň

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Geljek hepdäniň dowamynda sizi ýaltalyk basmarlar. Şol sebäpli işiňizde-de, öýüňizde-de dawa turmagy ahmal. Häzir uzak wagtlyk gezelenje gitmegiň wagty däl, ony başga bir güne geçiriň. Şu hepde bir ýeriňize şikes almagyňyz mümkin, juda seresap boluň. Tolgunmaň, seresap hereket etseňiz, ähli zat ugruna bolar.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Öz-özüňize baha bermegiň tüýs wagty. Durmuşa bolan garaýşyňyza gaýtadan üns beriň. Haçan-da bolsa bir wagt göwnüne degenleriňizden ötünç sorasaňyz gowy bolar. Örän wajyp bir zadyň ýadyňyzdan çykmagy mümkin. Ondan gaça durmak üçin bellik edip goýuň. Ähli işleriňizi meýilnama düzüp, şonuň esasynda hereket etseňiz, siziň üçin bähbitli bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Pul bilen gatnaşygyňyz täze derejelere çykar. Siz peýdaly zatlary satyn alyp, bergileriňizi üzüp, serişde toplamaga başlap bilersiňiz. Hossarlaryňyz bilen gatnaşygyňyz öňküsinden biraz ugryna bolman biler. Ýöne siz olary hökman diňlemelisiňiz. Dawadan gaça durup, ilki bilen özüňiz ýaraşmaga çalşyň. Ol gatnaşygy dikeltmäge ýardam eder. Işleşýänleriňiz bilen ýakymly gatnaşyklary saklaň.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

 

makyl hyzmat terjime

Hormatly Okyjylarymyz, her bir ýyldyzlar barada giňişleýin maglumat almak isleýän bolsaňyz, onda, aşakdaky linkleri ýeke-ýeke okap bilersiňiz!

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

Sowur (Öküzçe)

 

Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?

 

Duýgur leňňeçler kimler

 

Maksadaokgunly Esetler kimler

 

Owadan Sünbüleler kimler

 

Şadyýan Tereziler kimler

 

Ugurtapyjy akraplar  kimler

 

Öňdebaryjy Kowuslar kimler

 

Sabyrly Jediler (Owlak) kimler

Döredijilikli Balyklar kimler

 

Hepdelik Täleýnamalary  we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Türkmenistan-Germaniýa gatnaşyklary: sanlar we maglumatlar

«Kudo Kudo» türk fastfud restorany: Aşgabatda täze şahamçasyny açdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar

Türkmenistanyň Prezidenti german işewürleriniň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Liderleri we Germaniýanyň Kansleriniň bilelikdäki beýanaty