JEMGYÝET

«Hanymlar we jenaplar» diýilmez. Näme üçin?

Ýaponiýanyň «Japan Airlines» awiakompaniýasy oktýabr aýyndan başlap, uçarlardaky we howa menzillerindäki ýüzlenmelerde «Hanymlar we jenaplar!» diýlen sözleri ulanmaz.

Mundan beýläk olar iňlis dilindäki bildirişlerde «Gadyrly ýolagçylar!» ýa-da «Gündiziňiz haýyrly!», «Agşamyňyz haýyrly!» ýaly jümlelerden peýdalanarlar. Şol sanda ýapon dilindäki «minna-sama» sözleri hem bildirişlerden aýrylar. Olaryň ýerine «hemmeler» diýen manyda gelýän söz ulanylar.

Näme üçin? Bu sowala kompaniýanyň wekili şeýle jogap berýär:

«Bizde indi adamlaryň jynsyna ýa-da haýsydyr bir başga aýratynlygyna seredip tapawutlandyrmaga, netijede kemsitmäge takat ýok. Goý, hemmeler deň hukuklydygyny bilsin».

Şeýle özgertmeleriň «Air Canada» we «EasyJet» kompaniýalarynda hem girizilendigini habar berýäris.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Fizuli şäherine baryp gördi

Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Aşgabat-Baku: ikitaraplaýyn ähtnamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Azerbaýjan Türkmenistana nebit tankerini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda resmi dabara bilen garşylandy

Ata Watan Eserleri