JEMGYÝET

Türkmenistanda ilkinji gezek öndüriler

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody «Çelek» hususy kärhanasy bilen birlikde şu günler täze önümiň — senagat garyndyly suwuklygyň synag işlerini alyp barýar.
Dag-magdan senagatynda giňden ulanylýan bu önüm biziň ýurdumyzda ilkinji gezek öndüriler. Şonuň üçin oňa bolan gyzyklanma örän uly. Senagat garyndyly suwuklygy peýdalanyp, dagyň iň bir gaty gatlaklaryndaky magdanlary-da aňsatlyk bilen owradyp alyp bolýar. Şeýlelikde birnäçe tehniki harajatlar tygşytlanylýar.
Dag-magdan senagatynda bu önüm ulanylanda, iş öndürijiligi ep-esli artýar. Ine, şeýle möhüm ähmiýete eýe bolan önümiň ýakynda ilkinji tonnalaryny öndürmek göz öňünde tutulýar. Eýýäm bu önümçilige Hytaý Halk Respublikasyndan hyrydarlar hem tapyldy. Bu bolsa geljek ýyldan başlap has uly möçberdäki önümçilige girişmäge ruhlandyrýar.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Related posts

Taryhda şu gün: Ginnesiň rekordlar kitabynyň ilkinji neşiri çap edildi

Ata Watan Eserleri

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi