BIZNES

Türkmenistanda Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek

Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak boýunça täzeden seredilen Kioto konwensiýasyna goşulyşmak meselesine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi diýlip Türkmenistanyñ Döwlet Gümrük Gullugynyň web saýtynda aýdylýar.  Habarda bellenişine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistanyň Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak boýunça täzeden seredilen Kioto konwensiýasyna goşulmagy baradaky teklibine laýyklykda, 2020-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Bütindünýä gümrük guramasy bilen bilelikde wideo aragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyñ Döwlet Gümrük Gullugynyň  saýtynda aýdylyşyna  görä, iş maslahatyna Döwlet gümrük gullugyndan we söwda amallary we halkara ýük daşamalary bilen bagly işi amala aşyrýan degişli ministrliklerinden we pudak edaralaryndan ýigrimi töweregi wekiller gatnaşdy. Iş maslahatyna gatnaşan Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri gatnaşyjylara Konwensiýanyň düzgünlerini giňişleýin düşündirdiler we oňa goşulyşmak üçin bildirilýän talaplar, şertler barada aýtdylar.

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Ýene-de okaň

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty «deňiz derwezesi» ornuny berkidýär

Maliýe pudagyndaky türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Özbegistan söwda dolanyşygyny 2 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan ulag ulgamyna 48 milliard manatdan gowrak maýa goýdy

Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry

Tramp: ABŞ Pakistanda nebit gözlär