JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Mejlisleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowa bilen  Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky duşuşygyň çäklerinde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary barada netijeli pikir alyşmalar boldy.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge iki doganlyk ýurduň özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, türkmen-türk gatnaşyklarynyň okgunly ösüşine oňyn täsir edýän parlamentara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň hem-de pugtalandyrmagyň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmagyň zerurdygyny bellediler.

Ikitaraplaýyn pikire görä, ýokary we hökümetara derejede gazanylan ylalaşyklar hem-de yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler doganlyk türkmen hem-de türk halklarynyň gadymdan gelýän taryhy-medeni umumylyklarynyň binýadynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny üpjün edýär.

Bellenilişi ýaly, dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklary artdyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty öňi bilen ykdysadyýetiň köpugurly esasda ösdürilmegine, täze düşewüntli pudaklaryň, öňdebaryjy innowasion çözgütleri we dünýäniň, şol sanda Türkiýäniň oňyn tejribesini ulanmak arkaly döwrebap önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen giň gerimi özgertmelere zerur mümkinçilikleri açýar.

Onlaýn duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň parlamentleriniň ýolbaşçylary iki doganlyk halklaryň syýasy-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler. Bar bolan mümkinçilikleriň we ikitaraplaýyn ösüşe umumy gyzyklanmalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesiniň özara bähbitlere kybap gelýän täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin şertleriň sazlaşykly ösüşi üpjün edýändigi bellenildi.

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy