DÜNÝÄ

Halkara dokumental film festiwalynda 10 eser bäsleşer

3-nji halkara dokumental film festiwalynyň (AJB DOC) açylyş dabarasy Bosniýa we Gersegowinada surata düşürilen “Dzemo” filminiň görkezilmegi bilen başlanar. Şu ýylyň 11-15-nji sentýabry aralygynda Bosniýa we Gersegowinada geçiriljek üçünji halkara dokumental film festiwaly (AJB DOC) epidemiýanyň çäginde onlaýn görnüşde geçiriler.

Bu festiwalyň gurnaýjylaryndan Edhem Foko şu ýylky festiwalyň Siriýadan Palestina, Filippinlerden Meksika çenli dünýäni gyzyklandyrýan köp sanly meseläni öz içine aljakdygyny aýtdy. Festiwalyň çäginde 7 dokumental filmiň dünýä premýerasynyň boljakdygyny aýdan Foko 5 gün dowam etjek festiwalda 18 dokumental film görkeziljekdigini mälim etdi.

Festiwalda 3 baýrak berler. Üstümizdäki ýylda “Syýahat” şygary bilen gurnalýan bu film festiwalynda görkeziljek eserlere “AJB Esasy baýrak”, “AJB Programma baýragy” we “Tomaşaçylar baýragy” atly üç kategoriýada baýrak berler. Festiwal ählumumy ynsanperwer gymmatlyklara ünsi jemlär.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Türkmenistan-Mongoliýa: parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy

Türkmenistan-Ýaponiýa: partiýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi