JEMGYÝET

Tatarystandan Türkmen Liderine hoşallyk haty

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rüstam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi. Bu hatda tatar Lideri, Türkmenistan bilen Tatarstanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Hususan-da bu hatda: “Tatarystanlylaryň adyndan hem-de hut öz adymdan TASSR-iň döredilmeginiň 100 ýyllygy hem-de Tatarystan Respublikasynyň güni mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Munuň özi Tatarystan Respublikasy bilen russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlyk meselelerine üns berilýändiginiň möhüm mysalydyr.

Pursatdan peýdalanyp, Tatarystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek isleýärin. Bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikler bardyr” diýlip bellenilýär.

Şeýle hem Rustam Minnihanow milli Liderimize döwlet işiňde geljekde hem uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz TASSR-iň döredilmeginiň 100 ýyllygy hem-de Tatarystan Respublikasynyň güni mynasybetli bu ýurduň ýolbaşçylaryna gutlag hatyny iberipdi.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Related posts

Gyzyl planeta üçin sena ýazyldy

Ata Watan Eserleri

Ambassador of Turkmenistan presented his credential letters

vepa

2025-nji ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri